Ligue 1. "PSŽ-niň" ýyldyzy Dembele Fransiýada ýylyň iň gowy futbolçysy boldy
Fransiýanyň Professional futbolçylarynyň milli birleşigi tarapyndan geçirilen möwsümiň iň gowularyny sylaglamak dabarasynda «PSŽ-niň» hüjümçisi Usman Dembele Liga 1-iň ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, ol bu baýragy yzly-yzyna ikinji gezek gazandy.
Dembele diňe bir iň gowy futbolçy baýragyny däl, eýsem Liga 1 möwsüminiň iň gowy goly üçin berlen baýragy hem eýeledi. Şeýle-de bolsa, onuň ýeňşi futbol janköýerleriniň arasynda geň galdyryjy ýagdaý hökmünde garşylandy. Sebäbi fransiýaly hüjümçi şu möwsüm çempionatda bary-ýogy 9 duşuşykda başlangyç düzümde meýdança çykdy we iň köp gol geçiren oýunçylaryň ilkinji ýediligine hem girip bilmedi.
Dabarada başga bir baýrak hem «PSŽ-niň» ýaş ýyldyzy Dezire Due degişli boldy. Ol Liga 1-iň iň gowy ýaş oýunçysy baýragyny yzly-yzyna ikinji gezek gazandy. Due soňky iki möwsümde durnukly oýny bilen toparynyň esasy oýunçylarynyň birine öwrüldi.
Daşary ýurt toparlarynda çykyş edýän iň gowy fransiýaly futbolçy baýragyna bolsa Mýunheniň «Bawariýa» toparynda çykyş edýän Maýkl Olise mynasyp boldy. Geçen ýyl bu baýrak Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappa gowşurylypdy.

Luis Enrikeniň ýolbaşçylygyndaky «PSŽ» häzirki wagtda Liga 1-iň çempionlygyny gazanmaga örän golaý geldi. Pariž topary 13-nji maýda myhmançylykda «Lans» topary bilen duşuşar. Bu oýunda deňme-deň netije hem «PSŽ-niň» möhletinden öň çempionlygyny resmi taýdan üpjün etmegine ýeterlik bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


