La Liga. "Sewilýa" Ramosyň eýeçiligine geçmäge golaýlady
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ozalky goragçysy Serhio Ramos özüni ýetişdiren «Sewilýa» toparyny satyn almak ugrunda möhüm ädim ätdi. Habarlara görä, Ramosyň wekiliçilik edýän "Five Eleven Capital" maýa goýum topary toparyň esasy paýdarlary bilen uzak dowam eden gepleşikleri geçirdi.
Gepleşikleriň toparyň maliýe ýagdaýy boýunça geçirilen barlaglardan soň amala aşyrylandygy bellenilýär. Häzir bolsa taraplar satyn alyş tekliplerini resmi taýdan ara alyp maslahatlaşmak tapgyryna geçdiler.
«Sewilýanyň» öz ýetişdiren oýunçysy bolan Serhio Ramos ozalam bu geleşigiň üstünlikli ilerleýändigini duýdurypdy. Soňky maglumatlara görä, geleşik boýunça esasy ylalaşyk gazanyldy.

Deslapky maglumatlara görä, Ramos topary satyn almak üçin 450 million ýewro tölemäge taýýar. Emma toparyň La Ligadan düşen ýagdaýynda bu möçberiň üýtgemegi mümkin.
Soňky ýyllarda «Sewilýa» agyr döwri başdan geçirýär. Topar üç ýyl ozal Ýewropa ligasynyň çempiony bolan hem bolsa, häzirki möwsümde esasan La Ligadaky ornuny saklap galmak ugrunda göreşdi. Şeýle-de topar diňe sport taýdan däl, eýsem maliýe taýdan hem kynçylyklary başdan geçirýär.
Serhio Ramosyň «Sewilýanyň» täze eýesi bolmagy toparyň geljegi üçin uly özgerişlik bolup biler. Ozalky topar kapitanynyň bu ädimi janköýerlerde uly gyzyklanma döredýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


