"Arsenal" çempionlyga golaýlady, "Barselona" bolsa El-Klasikoda çempion boldy

Ýewropanyň esasy futbol çempionatlarynda dynç günleriniň duşuşyklaryndan soň möwsümiň iň möhüm pursatlary has-da ýitileşdi. Angliýada «Arsenal» çempionlyga ýene bir ädim golaýlasa, Ispaniýada «Barselona» taryhy El-Klasikoda çempionlygyny resmi taýdan üpjün etdi.

Angliýanyň Premýer-ligasynda Mikel Artetanyň tälim berýän «Arsenal» topary möwsümiň iň möhüm duşuşyklarynyň birinde ýeňiş gazanyp, çempionlyk ugrunda örän uly ädim ätdi. Londonlylar häzirki wagtda birinji orny ynamly saklaýar we çempion bolmak üçin galan duşuşyklarda bary-ýogy 6 utuk gazanmagy ýeterlik bolar. Şeýle-de bu ýeňiş «Tottenheme» hem peýda getirdi. Sebäbi topar aşaky orunlardan daşlaşyp, ligadaky ýerini saklap galmaga golaýlady.

Möwsümiň dowamynda durnuksyz çykyş eden «Çelsi» bolsa Ýewrokuboklara gatnaşmak mümkinçiligini ýitirmäge örän golaý geldi. Londonly toparyň 7-nji orundaky «Braýtondan» yza galmasy eýýäm 4 utuga ýetdi.

Ispaniýanyň La Ligasynda esasy üns El-Klasikoda jemlendi. «Barselona» öz meýdançasynda «Realy» 2:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ilkinji gezek hut El-Klasikoda çempionlygyny üpjün etdi. Hans-Diter Fligiň şägirtleri şu ýylyň dowamynda eýýäm ikinji kubogyny gazandy. Katalon topary möwsümiň dowamynda iň durnukly çykyş eden toparlaryň biri boldy.

Şol bir wagtyň özünde Diego Simeoneniň tälim berýän «Atletiko» topary ýene ýeňildi. Madridliler bu gezek «Selta» toparyndan 0:1 hasabynda utuldy. «Betis» bolsa Çempionlar ligasynyň zolagy ugrunda alnyp barylýan göreşde möhüm bir utuk gazandy.

Italiýanyň Seriýa A çempionatynda ýagdaý barha dartgynly bolýar. «Milan» öz meýdançasynda «Atalantadan» uly zarba aldy we Çempionlar ligasynyň zolagyndan düşmek howpy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Häzirki wagtda topar diňe gollaryň tapawudy arkaly öňdäki orunlarda saklanýar. «Ýuwentus» bolsa üstünlikli tapgyr geçirip, ilkinji üçlüge girdi. Şeýle-de bolsa, turinliler üçin göreş heniz tamamlananok.

Germaniýanyň Bundesligasynda «Bawariýa» Çempionlar ligasyndan çykmagyň täsirinden heniz çykyp bilenok. Münhen topary «Wolfsburgy» diňe 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Şeýle-de bolsa, garşydaş topar duşuşykda 3,07 xG (gol geçirmek mümkinçiligi) görkezijisini toplap, köp howply pursat döretdi. Tapgyryň taryhy wakalarynyň biri bolsa Mari-Luiza Etanyň ady bilen baglanyşykly boldy. Ol Ýewropanyň iň güýçli bäş ligasynda ýeňiş gazanan ilkinji zenan tälimçi hökmünde taryha girdi. Onuň tälim berýän «Union» topary «Maýnsy» 3:1 hasabynda ýeňdi.

Fransiýanyň Liga 1 çempionatynda «PSŽ» «Bresti» 1:0 hasabynda ýeňip, çempionlyga has-da golaýlady. Parižlilere çempionlygy üpjün etmek üçin galan iki duşuşykda bary-ýogy bir utuk ýeterlik bolar.

Dynç günleriniň iň gowy çykyş eden futbolçylarynyň arasynda «Mançester Sitiniň» oýunçysy Žeremi Doku aýratyn tapawutlandy. Ol «Brentford» bilen duşuşykda bir gol geçirip, alty sany üstünlikli aldaw hereketini ýerine ýetirdi. Şeýle-de «Braýtonyň» goragçysy Maksim de Keýper iki asist berip hem-de derwezesini gurak saklap, toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy. «Mançester Ýunaýtediň derwezeçisi Senne Lamens dört sany möhüm halas edişi amala aşyrdy. «Haýdenhaým» toparynyň oýunçysy Ariýon Ibrahimowiç bolsa «Kýolnyň» derwezesine garşy geçirilen duşuşykda bir gol we bir asist bilen tapawutlandy.

Möwsümiň soňuna golaý Ýewropanyň esasy ligalaryndaky göreş barha gyzyşýar. Käbir toparlar eýýäm çempionlyklaryny üpjün edýärkä, beýlekiler bolsa Ýewrokuboklar ýa-da ligadaky ýerlerini saklamak ugrunda soňky demine çenli göreş alyp barýar.