TÝL - 2026. Bir günde 7-nji tapgyryň dört duşuşygy geçiriler
Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynda 7-nji tapgyryň duşuşyklary 10-njy maýda geçiriler. Bu tapgyrda janköýerleri dört gyzykly garşylaşyk garaşýar.
Tapgyryň ilkinji duşuşygy Türkmenbaşy şäherindäki "Şagadam" stadionynda geçiriler. Bu ýerde «Şagadam» topary «Merw» toparyny kabul eder. Duşuşyk sagat 17:00-da başlanar. Iki topar hem öňdäki orunlar ugrunda möhüm utuklary gazanmaga synanyşar.
Balkanabat şäherindäki "Sport toplumy" stadionynda «Nebitçi» topary «Altyn Asyr» topary bilen duşuşar. Myhman topar häzirki wagtda ýaryş tertibiniň ýokarky orunlarynda barýar we nobatdaky ýeňşini gazanmagy maksat edinýär. Oýun sagat 17:30-da başlanar.
Aşgabat şäherindäki "Nusaý" stadionynda «Aşgabat» topary «Ahal» toparyny kabul eder. «Ahal» topary soňky tapgyrdaky ýeňşinden soň üstünlikli çykyşyny dowam etdirmäge çalşar. Duşuşygyň başlanjak wagty 17:30 diýlip kesgitlenildi.
Tapgyryň iň gyzykly duşuşyklarynyň biri Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda geçiriler. Bu ýerde häzirki lider «Arkadag» topary «Köpetdag» topary bilen güýç synanyşar. «Arkadag» häzirki wagtda möwsümiň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp, ynamly çykyş edýär. Oýun sagat 17:30-da başlanar.
6-njy tapgyrdan soň «Arkadag» topary 18 utuk bilen birinji orunda ýerleşýär. «Altyn Asyr» 13 utuk bilen ikinji, «Ahal» bolsa 11 utuk bilen üçünji ýerde barýar.
Iň köp gol geçirenleriň sanawynda Serdar Gulyýew 5 gol bilen birinji orny eýeleýär. Süleýman Mirzoýew bilen Mekan Aşyrow bolsa 4 goldan geçirip, iň netijeli oýunçylaryň hatarynda ýerleşýärler.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


