TÝB - 2026. "Şagadam II" bilen "Merw II" ýeňijini kesgitläp bilmedi

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar birinjiliginde 7-nji tapgyryň nobatdaky duşuşygy 9-njy maýda geçirildi.

Türkmenbaşy şäherindäki "Şagadam" stadionynda geçirilen oýunda «Şagadam II» topary «Merw II» toparyny kabul etdi.
Duşuşykda toparlaryň hiç biri garşydaşyň derwezesine ýol tapyp bilmedi we oýun 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Garşylaşyk dowamynda iki topar hem birnäçe howply pursat döretse-de, hasap açylmady.

Duşuşykdan soň «Şagadam II» toparynyň oýunçysy Ýewgeniý Poworožnýuk gyzyl kart aldy.

7-nji tapgyryň beýleki duşuşyklary başga senelere geçirildi. Şolaryň hatarynda «Nebitçi II» – «Altyn Asyr II», «Aşgabat II» – «Ahal II» hem-de «Köpetdag II» – «Arkadag II» duşuşyklary bar.

Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.