Messi Ýamaly dünýä futbolynyň geljegi diýip atlandyrdy

Argentinanyň rowaýata öwrülen futbolçysy Lionel Messi «Barselona» toparynyň ýaş ýyldyzy Lamin Ýamalyň çykyşlaryna ýokary baha berdi. Ol Adidas tarapyndan guralan çäräniň dowamynda eden çykyşynda ispaniýaly futbolçyny häzirki döwrüň iň zehinli ýaş oýunçysy hökmünde görkezdi.

Messiniň sözlerine görä, Lamin Ýamalyň oýny oňa öz ýaşlyk ýyllaryny ýatladýar. Argentinaly futbolçy häzirki wagtda dünýä futbolynda güýçli ýaş nesliň kemala gelýändigini, emma olaryň arasynda Ýamalyň aýratyn tapawutlanýandygyny aýtdy.

– Häzir köp güýçli ýaş futbolçylar peýda bolýar. Olaryň öňünde uzak ýyllar bar. Emma ýaşyny, häzirki görkezijilerini we geljegini göz öňünde tutsak, meniň saýlajak futbolçym Lamin Ýamal bolar. Mende hiç hili şübhe ýok – meniň üçin ol iň gowusy – diýip, Messi aýtdy.

Şeýle-de ol «Barselonanyň» ýaş oýunçysynyň ýakyn ýyllarda dünýä futbolynyň esasy ýyldyzlarynyň birine öwrülip biljekdigini belledi. Messi Ýamalyň tehniki mümkinçilikleriniň, oýun düşünjesiniň we meýdançada özüni alyp barşynyň örän ýokary derejededigini aýtdy.

Lamin Ýamal soňky ýyllarda dünýä futbolynyň iň uly zehinleriniň biri hökmünde görkezilýär. «Barselonanyň» akademiýasynyň ýetişdiren futbolçysy topar bilen hem-de Ispaniýanyň milli ýygyndysynda birnäçe ýaş rekordlaryny täzeledi. Futbol hünärmenleriniň köpüsi onuň oýun stilini hut Lionel Messi bilen deňeşdirýär.

2025/26 möwsüminde Ýamal ähli ýaryşlary goşanda 45 duşuşykda meýdança çykdy. Ol şol oýunlarda 24 gol geçirip, 18 asist etdi. Ýaş futbolçy häzirki wagtda «Barselonanyň» esasy oýunçylarynyň birine öwrüldi.

Lionel Messiniň şeýle beýik sözleri futbol jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. Sebäbi köp janköýerler we hünärmenler argentinaly ýyldyzyň hut öz ornuna laýyk görýän futbolçysynyň kimdigine uzak wagt bäri gyzyklanýardylar. Indi bolsa Messi ilkinji gezek açyk görnüşde Lamin Ýamaly dünýä futbolynyň täze nesliniň iň güýçli wekili hökmünde görkezdi.