TÝB - 2026. 7-nji tapgyrda «Şagadam II» bilen «Merw II» duşuşar

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar birinjiliginde 7-nji tapgyryň nobatdaky duşuşygy 9-njy maýda geçiriler.

Tapgyryň çäginde «Şagadam II» topary öz meýdançasynda «Merw II» toparyny kabul eder. Duşuşyk Türkmenbaşy şäherindäki "Şagadam" stadionynda geçiriler we sagat 17:00-da başlanar.

7-nji tapgyryň beýleki duşuşyklary başga senelere geçirildi. Şolaryň hatarynda «Nebitçi II» – «Altyn Asyr II», «Aşgabat II» – «Ahal II» hem-de «Köpetdag II» – «Arkadag II» duşuşyklary bar.

Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.