UCL. "PSŽ" yzly-yzyna ikinji gezek finala çykdy
UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda Parižiň «PSŽ» topary myhmançylykda Mýunheniň «Bawariýasyndan» üstün çykyp, yzly-yzyna ikinji gezek ýaryşyň finalyna çykmagy başardy.
Parižde geçirilen ilkinji duşuşyk janköýerler üçin hakyky gol şüweleňine öwrülipdi we «PSŽ-niň» 5:4 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanmady. Mýunhendäki jogap oýny bolsa has seresaply we taktiki göreş ýagdaýynda geçdi.
Duşuşygyň ykbaly ilkinji ýarymda çözüldi. «PSŽ-niň» ýyldyzy Usman Dembele garşydaş derwezesine ýol tapyp, toparyny öňe çykardy. Şeýlelikde, iki oýnuň jemi boýunça parižliler artykmaçlygyny has-da güýçlendirdi.
Soňky minutlarda «Bawariýa» uly basyş gurady we Harri Keýn hasaby deňlemegi başardy. Emma bu gol nemes toparyny halas etmek üçin ýeterlik bolmady. Netijede, «PSŽ» umumy hasapda artykmaçlygy saklap, finala çykdy.

Indi parižliler finalda Londonyň «Arsenal» topary bilen duşuşar. Final 30-njy maýda geçiriler. «Arsenal» ýarym finalda Madridiň «Atletiko» toparyny ýeňip, taryhynda ikinji gezek finala çykypdy.
Bu duşuşykdan soň «PSŽ-niň» gapdal hüjümçisi Hwiça Kwarasheliýa hem täze taryhy netijäni gazandy. Gürjüstanly futbolçy Çempionlar ligasynyň taryhynda bir möwsümiň pleý-off duşuşyklarynda yzly-yzyna ýedi oýunda gol ýa-da asist eden ilkinji oýunçy boldy.

Hwiça bu möwsümde eýýäm 10 gol geçirip, 6 asist etdi. Onuň täsirli seriýasy 1/16 finaldan başlap dowam etdi.
Kwarasheliýanyň pleý-offdaky netijeleri:
– «Monako» bilen oýunda – 1 gol
– «Çelsi» bilen ilkinji duşuşykda – 2 gol we 1 asist
– «Çelsi» bilen jogap oýnunda – 1 gol
– «Liwerpul» bilen ilkinji duşuşykda – 1 gol
– «Liwerpul» bilen jogap duşuşygynda – 1 asist
– «Bawariýa» bilen ilkinji oýunda – dubl
– «Bawariýa» bilen jogap duşuşygynda – 1 asist
Şeýlelikde, häzirki Çempionlar ligasynyň eýesi bolan «PSŽ» kubogy goramak ugrunda ýene bir ädim ätdi. Final duşuşygynda parižliler bilen «Arsenalyň» arasyndaky göreş janköýerler tarapyndan uly gyzyklanma bilen garaşylýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


