Türkmenistanyň Kubogynda çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary geçirildi
Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynda çärýek final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 6-njy maýda geçirildi. Dört garşylaşykda jemi 20 gol geçirilip, birnäçe uly hasaply netijeler hasaba alyndy.
Tapgyryň ilkinji duşuşygy Türkmenbaşy şäherindäki "Şagadam" stadionynda geçirildi. Bu ýerde «Şagadam» topary öz meýdanynda «Köpetdagdan» 0:1 hasabynda ýeňildi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 54-nji minutda Emir Berdiýew geçirdi. Oýun dartgynly ýagdaýda geçdi we emin tarapyndan birnäçe duýduryş görkezildi. «Şagadamyň» oýunçysy Serdar Gulyýew 75-nji minutda ikinji duýduryşyny alyp, meýdandan çykaryldy.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumy" stadionynda geçirilen duşuşykda «Altyn Asyr» topary «Aşgabat» toparyny 6:1 hasabynda ýeňdi. Bu oýnuň baş gahrymany het-trik eden Begençmyrat Myradow boldy. Ol 7-nji, 29-njy we 77-nji minutlarda tapawutlandy. Şeýle-de «Altyn Asyrdan» Röwşengeldi Halmämmedow, Mekan Aşyrow we Resul Röwşenmyradow hem gollary bilen tapawutlandy. «Aşgabadyň» ýeke-täk goluny 64-nji minutda Didar Didarow geçirdi.
Tapgyryň iň gyzykly duşuşyklarynyň biri Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda geçirildi. Bu ýerde «Ahal» topary «Nebitçini» 4:2 hasabynda ýeňdi. Süleýman Mirzoýew duşuşygyň 3-nji minutynda hasaby açdy, 29-njy minutda bolsa 11 metrlik jerime urgusyndan özüniň ikinji goluny geçirdi. Şeýle-de «Ahaldan» Magtymberdi Berenow bilen Döwran Hojamämmedow hem tapawutlandy. «Nebitçiniň» düzüminde Myratdurdy Baýramow we Hydyr Agöýliýew gol geçirdi.
Tapgyryň iň uly hasaply ýeňşi Aşgabat şäherindäki "Nusaý" stadionynda boldy. «Arkadag» topary «Merwi» 7:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda Welmyrat Ballakow, Baýram Ataýew, Didar Durdyýew, Ýazgylyç Gurbanow, Ahmet Ataýew we Begenç Akmämmedow tapawutlandy. Ýazgylyç Gurbanow bu oýunda iki gezek gol geçirmegi başardy.
Şeýlelikde, çärýek finalyň ilkinji duşuşyklaryndan soň «Arkadag», «Altyn Asyr» we «Ahal» toparlary ýarym finala çykmak ugrunda uly artykmaçlyk gazandy. «Köpetdag» bolsa jogap duşuşygynyň öňüsyrasynda minimal üstünlige eýe boldy.
Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklary 24-nji iýunda geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


