UCL. "Arsenal" finalda we şu günki duşuşyk
Ýewropanyň iň abraýly toparlar ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynda ilkinji finalçy belli boldy. Londonyň «Arsenal» topary ýarym finalyň jogap duşuşygynda öz meýdanynda Madridiň «Atletiko» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykyp, iki duşuşygyň jemi boýunça finala çykmagy başardy.
Ispaniýada geçirilen ilkinji duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanandygy sebäpli, Londondaky jogap oýny örän dartgynly ýagdaýda geçdi. "Emireýts" stadionynda geçirilen duşuşykda ilkinji minutlardan başlap meýdan eýeleri hüjüme ýykgyn etdi we garşydaşyň derwezesiniň öňünde howply pursatlary döretmegi başardy.
«Arsenalyň» basyşy ilkinji ýarymyň ahyrynda netije berdi. Leandro Trossaryň urgusyny Ýan Oblak ilkinji synanyşykda saklamagy başaran hem bolsa, top Bukaýo Sakanyň öňüne düşdi. Iňlis gapdal hüjümçisi gaýtadan urguda ýalňyşmady we toparyny öňe çykardy.
Ikinji ýarymda hem oýnuň keşbi kän üýtgemedi. «Arsenal» topa gözegçilik etmegini dowam etdirdi, «Atletiko» bolsa seýrek ýagdaýlarda garşylykly hüjümler bilen howp döretmäge synanyşdy. Emma londonlylaryň derwezeçisi Dawid Raýa özüni ynamly alyp bardy we myhmanlara hasaby deňlemäge mümkinçilik bermedi.
Şeýlelikde, «Arsenal» öz taryhynda ikinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. Topar mundan öň 2006-njy ýylda finalda çykyş edipdi. Şol wagt Arsen Wengeriň ýolbaşçylygyndaky londonly topar finalda Frank Raýkardyň «Barselonasyndan» 1:2 hasabynda ýeňlipdi.
Bu duşuşykda tapawutlanan Bukaýo Saka hem toparyň taryhyna adyny ýazdyrdy. 24 ýaşly futbolçy indi «Arsenalyň» Çempionlar ligasynyň ýarym finallarynda iň köp gol geçiren oýunçysy boldy. Häzire çenli bu tapgyrda toparyň düzüminde diňe dört futbolçy gol geçirip bilipdi.
«Arsenalyň» Çempionlar ligasynyň ýarym finalyndaky iň iň köp gol geçiren oýunçylary:
– Bukaýo Saka — 2 gol
– Týerri Anri – 1 gol
– Robin wan Persi – 1 gol
– Kolo Ture – 1 gol
Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysy bolsa «Bawariýa» bilen «PSŽ-niň» arasyndaky jogap duşuşygyndan soň belli bolar. Parižde geçirilen ilkinji oýun örän netijeli bolup, «PSŽ-niň» 5:4 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.
Mýunhendäki jogap duşuşygy 6-njy maýdan 7-nji maýa geçilýän gije Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar. Häzirki wagtda «PSŽ» Çempionlar ligasynyň hem-de UEFA Superkubogynyň häzirki eýesi bolup durýar. Pariž topary bu iki kubogy hem 2025-nji ýylda ilkinji gezek gazanypdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


