Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçiriler

Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynda çärýek final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 6-njy maýda geçiriler. Bu tapgyrda janköýerlere dört gyzykly garşylaşyk garaşýar.

Tapgyryň ilkinji duşuşygy Türkmenbaşy şäherindäki "Şagadam" stadionynda geçiriler. Bu ýerde «Şagadam» topary «Köpetdag» toparyny kabul eder. Duşuşyk sagat 17:00-da başlanar.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumy" stadionynda «Altyn Asyr» topary «Aşgabat» toparyny kabul eder. Duşuşygyň başlanjak wagty 17:45 diýlip kesgitlenildi.

Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda «Ahal» topary «Nebitçi» topary bilen duşuşar. Bu oýun sagat 18:00-da başlanar.

Tapgyryň ýene bir duşuşygy Aşgabat şäherindäki "Nusaý" stadionynda geçiriler. Bu ýerde häzirki Ýokary liganyň lideri «Arkadag» topary «Merw» topary bilen güýç synanyşar. Oýun sagat 18:00-da başlanar.

Türkmenistanyň Kubogynda çärýek finalyň jogap duşuşyklarynda ýarym finala çykjak toparlar kesgitlener. Şol sebäpli ilkinji oýunlaryň netijeleri toparlar üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolar.