Bundesliga. "Şalke" üç ýyldan soň dolandy

Germaniýanyň «Şalke» topary möhletinden öň Bundesliga çykmagy üpjün etdi. Gelzenkirhen şäheriniň topary soňky üç möwsümi Germaniýanyň ikinji derejesindäki çempionatynda geçiripdi. «Şalke» 2023-nji ýylyň ýazynda ýokary ligadan düşenden soň ilkinji gezek ýokary liga dolanmagy başardy.

«Şalke» häzirki möwsümde örän üstünlikli çykyş edip, iki tapgyr galanda birinji orny kepillendirdi. Topar 67 utuk toplap, garşydaşlary üçin ýetip bolmajak aratapawudy döretdi. Şeýlelikde, gök-akly topar 2026/27 möwsüminde ýene-de Bundesligede çykyş eder.

Bu üstünlikden soň toparyň baş tälimçisi Miron Musliçiň şertnamasy hem awtomatik ýagdaýda uzaldyldy. 43 ýaşly awstriýaly hünärmen indi «Şalkede» 2028-nji ýylyň iýun aýyna çenli işlär. Musliç toparyň başyna 2025-nji ýylyň maý aýynda gelipdi we ilkinji doly möwsüminde topary ýokary liga çykarmagy başardy.

«Şalke» Germaniýanyň iň taryhy toparlarynyň biri hasaplanýar. Gelzenkirhen topary öz taryhynda ýedi gezek Germaniýanyň çempiony boldy. Emma topar soňky gezek 1958-nji ýylda ýurduň çempionlygyny gazanypdy. Şeýle-de «Şalke» 2011-nji ýylda Germaniýanyň Kubogyny gazanyp, şol ýyl hem Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çenli baryp ýetmegi başarypdy.

Soňky ýyllarda maliýe we sport taýdan kynçylyklary başdan geçiren topar üçin Bundesliga dolanmak örän möhüm waka boldy. Indi toparyň ýolbaşçylary tomusky transfer döwründe düzümi güýçlendirmek ugrunda işlemeli bolar. Sebäbi «Şalke» täze möwsümde Bundesligada mynasyp çykyş edip, ýokary ligada uzak wagtlap galmagy maksat edinýär.