"Inter" çempion boldy, "Arsenal" göreşi dowam etdirýär
Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda dynç günleri geçirilen duşuşyklar birnäçe gyzykly netijeleri getirdi. Angliýada çempionlyk ugrundaky göreş dowam edýän bolsa, Italiýada «Inter» möhletinden öň çempionlygyny üpjün etdi.
Angliýanyň Premýer-ligasynda «Arsenal» öz meýdanynda «Fulhemi» 3:0 hasabynda ýeňdi. Wiktor Dýokereş bu duşuşykda iki gol geçirip, bir asist hem berdi. Şeýlelikde, Mikel Artetanyň şägirtleri 76 utuk bilen birinji orundaky ýerini saklap galdy. Emma «Mançester Sitiniň» ätiýaçda ýene iki duşuşygy bar.
Şeýle-de «Mançester Ýunaýted» öz meýdanynda «Liwerpuly» 3:2 hasabynda ýeňip, indiki möwsüm UEFA Çempionlar ligasynda çykyş etmegini üpjün etdi. «Tottenhem» bolsa ýeňiş gazanyp, aşaky zonadan çykmagy başardy. Möwsümiň garaşylmadyk toparlarynyň biri bolan «Bornmut» hem häzirki wagtda ilkinji altylykda barýar we Çempionlar ligasyna çykmak mümkinçiligini saklaýar.
Ispaniýanyň La Ligasynda «Barselona» çempionlygyny wagtyndan öň üpjün edip bilerdi. Munuň üçin «Realyň» utuk ýitirmegi gerekdi, emma madridliler ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, katalon topary indiki tapgyrdaky "El-Klasikoda" çempion bolup biler. Munuň üçin «Barselona» öz meýdanyndaky duşuşykda utulmasa hem ýeterlik bolar.
Italiýanyň A seriýasynda «Inter» öz meýdanynda «Parmany» 2:0 hasabynda ýeňip, möwsümiň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda çempionlygyny üpjün etdi. Şeýlelikde, milan topary soňky alty ýylda üçünji gezek Italiýanyň çempiony boldy. Şeýle-de tapgyryň dowamynda ilkinji sekizlikdäki beýleki toparlaryň hiç biri ýeňiş gazanyp bilmedi.
Germaniýanyň Bundesligasynda «Bawariýa» bilen «Haýdenhaýmyň» arasynda geçirilen duşuşyk 3:3 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelikde, mýunhenlileriň bu möwsümde «Baýeriň» 2023/24 möwsümindäki utuk sanyndan geçip bilmejegi belli boldy. Şeýle-de ilkinji dörtlük we Çempionlar ligasynyň ýollanmasy ugrunda göreş has-da gyzýar.
Fransiýanyň Liga 1 çempionatynda ýarym ätiýaç düzüm bilen çykyş eden «PSŽ» – «Lorýan» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. «Lans» bolsa «Nissa» bilen 1:1 hasabynda deň oýnap, bu ýagdaýdan peýdalanyp bilmedi. Şeýlelikde, parižliler indiki tapgyrda çempionlygyny resmi taýdan üpjün edip biler.
Dynç günleriniň iň netijeli oýunçylarynyň arasynda «Espanýola» garşy dubl eden «Real Madridiň» (0:2) oýunçysy Winisius Žunior, «Werderiň» derwezesine iki gol geçiren «Augusburgyň» (0:4) oýunçysy Anton Kade, «Anže» bilen oýunda 2 gol we 1 asist eden «Oseriň» (1:3) oýunçysy Seku Mara, «Leýpsige» garşy het-trik eden «Baýeriň» (1:4) oýunçysy Patrik Şik, «Marsel» bilen oýunda 8 urgyny gaýtaran «Nantyň» (0:3) derwezebany Patrik Karlgren hem-de «Lewante» garşy 1 gol we 2 asist eden «Wilýarrealyň» (1:5) oýunçysy Nikolas Pepe bar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


