Serie A. "Inter" möhletinden öň çempion boldy

Italiýanyň A seriýasynyň 35-nji tapgyrynda «Inter» öz meýdanynda «Parmany» kabul edip, 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu ýeňişden soň milan topary möwsümiň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda çempionlygyny resmi taýdan üpjün etdi.

Duşuşygyň ilkinji ýarymynda «Inter» uly meýdança artykmaçlyga eýe boldy. Meýdan eýeleri yzygiderli hüjüm etseler-de, uzak wagtlap hasaby açyp bilmediler. Ahyrynda bolsa birinji ýarymyň soňlaryna golaý Markus Týuram tapawutlanyp, toparyny öňe çykardy. Hüjümçi jerime meýdançasynyň içinde dürs urgy bilen topy derwezäniň uzak burçuna gönükdirdi.

Ikinji ýarymda-da «Inter» oýna gözegçilik etmegini dowam etdirdi. Duşuşygyň 80-nji minutynda Genrih Mhitarýan tapawutlanyp, hasaby 2:0-a ýetirdi we oýnuň soňky nokadyny goýdy.

Şeýlelikde, «Inter» 35 tapgyrdan soň utuk sanyny 82-ä çykardy. Ýaryş tertibinde ikinji orunda ýerleşýän «Napoli» bolsa bu tapgyrda «Komo» bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Netijede, toparlaryň arasyndaky tapawut 12 utuga ýetdi we «Inter» möwsümiň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda garşydaşlary üçin ýetip bolmajak derejä çykdy.

Bu çempionlyk «Interiň» taryhyndaky 21-nji skudettosy boldy. Şeýlelikde, milan topary Italiýanyň iň köp çempion bolan toparlarynyň arasynda ikinji orny has-da berkitdi. Bu görkeziji boýunça diňe 36 gezek çempion bolan «Ýuwentus» öňde barýar.

Soňky alty möwsümiň dowamynda «Inter» üçünji gezek Italiýanyň çempiony boldy. Şeýle-de topar häzirki möwsümde hem durnukly çykyş edip, çempionlygy wagtyndan öň üpjün etmegi başardy.