Championship. "Ipswiç" bir möwsümden soň ýene APL-e dolandy

Angliýanyň Çempionşip ýaryşynyň 2025/26 möwsüminiň soňky tapgyry 2-nji maýda geçirildi we indiki möwsümde Angliýanyň Premýer-ligasynda çykyş etjek ýene bir topar belli boldy.

Möwsümiň dowamynda Frenk Lempardyň ýolbaşçylygyndaky «Kowentri» topary öňünden APL-e çykmagy üpjün edipdi. Ikinji göni ýollama üçin bolsa esasy göreş «Ipswiç» bilen beýleki toparlaryň arasynda dowam edýärdi.

Soňky tapgyrda «Ipswiç» topary «Kuins Park Reýnjers» bilen duşuşdy. Kiran MakKennanyň şägirtleri öz öňlerinde goýlan wezipesi ýerine ýetirip, möhüm ýeňşi gazandylar we şeýlelikde Angliýanyň ýokary diwizionyna dolanmagy başardylar.

«Ipswiç» geçen möwsümde Premýer-ligada 19-njy orny eýeläp, aşaky liga düşüpdi. Emma topar diňe bir ýyl geçensoň täzeden iň güýçli diwiziona dolanyp geldi.

46 tapgyrdan soň «Ipswiç» 84 utuk toplap, ýaryş tertibinde ikinji orny eýeledi. Üçünji orny alan «Milluoll» bolsa bary-ýogy bir utuk yza galdy. Möwsümiň ýeňijisi bolan «Kowentri» bolsa 95 utuk toplady.

Indi Premýer-liga üçin soňky ýollama pleý-off duşuşyklarynda kesgitlener. Ýarym finalda «Milluoll» bilen «Hall Siti», şeýle-de «Sautgempton» bilen «Midlsbro» duşuşar.

Mundan başga-da, «Ipswiçiň» tejribeli futbolçysy Eşli Ýang hem möwsümden soň professional karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. 40 ýaşly futbolçy toparyň Premýer-liga dolanýan möwsüminde çykyş etdi. Ol karýerasynyň dowamynda «Wotford», «Aston Willa», «Mançester Ýunaýted», «Inter», «Ewerton» hem-de «Ipswiç» toparlarynda oýnady. Şeýle-de ol Angliýanyň milli ýygyndysynda 39 duşuşyk geçirdi.