Ligue 1. Luis Enrike Mbappe baradaky pikirini ýene gaýtalady

«PSŽ-niň» baş tälimçisi Luis Enrike Kilian Mbappeniň topardan gidişi barada ýene bir gezek pikir bildirdi. Ispaniýaly hünärmen fransuz hüjümçisiz toparyň has güýçlenendigini aýtdy.

Luis Enrike öz çykyşynda şeýle diýdi: "Mbappeniň topar üçin mesele bolandygyny aýtmak batyrgaý pikirdi. Ýöne biz onsuz has gowy topar bolarys. Muny ýene subut ederis. Statistika hemme zady görkezýär".

Mbappe 2024-nji ýylyň tomsunda Madridiň «Real» toparyna geçenden soň, parižliler hakykatdanam üstünlikli çykyş edip başlady. Geçen möwsümde «PSŽ» ilkinji gezek öz taryhynda Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Pariž topary finalda Milanyň «Inter» toparyny 5:0 hasabynda ýeňipdi.

Häzirki möwsümde hem topar üstünlikli çykyşyny dowam etdirýär. Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda «PSŽ» Mýunheniň «Bawariýasyny» 5:4 hasabynda ýeňip, möwsümiň iň täsirli duşuşyklarynyň birini geçirdi.

Mbappe bolsa häzirki wagtda «Realda» ikinji möwsümini geçirýär. Emma madrid topary soňky iki ýylda garaşylan netijeleri gazanyp bilenok. «Real» yzly-yzyna iki möwsüm bäri Çempionlar ligasyndan çärýek finalda çykdy we La Liganyň çempiony bolup bilmedi.

Şeýle-de bolsa, fransuz hüjümçisi şahsy statistika boýunça täsirli netijeleri görkezýär. Mbappe häzirki möwsümde ähli ýaryşlarda 41 duşuşyk geçirip, 41 gol geçirdi we 6 asist berdi.

Emma möwsüm onuň üçin aňsat geçmedi. Hüjümçi ýylyň dowamynda dört gezek şikes aldy.

"Transfermarkt" portalynyň maglumatyna görä, 27 ýaşly futbolçynyň häzirki bazar bahasy 200 million ýewro barabar.