TÝB - 2026. Şu gün 6-njy tapgyr başlanýar
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar birinjiliginde şu gün, 1-nji maýda 6-njy tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler. Geçen tapgyrdan soň ýaryş tertibinde hem-de iň köp gol geçirenleriň sanawynda bolan üýtgeşmelerden soň toparlaryň arasyndaky bäsdeşlik has-da güýçlendi.
Tapgyryň ilkinji duşuşygy Mary şäherindäki "Merw" stadionynda geçiriler. Bu ýerde «Merw II» topary «Köpetdag II» toparyny kabul eder. Duşuşyk sagat 17:00-da başlanar.
Şol günki beýleki duşuşyk Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda geçiriler. Bu ýerde «Ahal II» topary «Nebitçi II» topary bilen duşuşar. Oýun sagat 18:00-da başlanar.
Tapgyryň galan iki duşuşygy 2-nji maýda geçiriler. Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki "Sport desgasy" stadionynda «Arkadag II» topary «Aşgabat II» toparyny kabul eder. Duşuşyk sagat 17:30-da başlanar.
Şol bir wagtda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumy" stadionynda «Altyn Asyr II» topary «Şagadam II» topary bilen güýç synanyşar.
5-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibinde «Arkadag II» topary 13 utuk bilen öňdeligini saklap galdy. «Şagadam II» topary 9 utuk bilen ikinji orna çykmagy başardy. «Nebitçi II» topary hem 9 utuk bilen üçünji orna düşdi.
Iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda bolsa «Altyn Asyr II» toparynyň oýunçysy Weýisgeldi Orazdurdyýew öňdelige çykdy. Ol geçen tapgyrda «Merw II» toparynyň derwezesinden 5 gol geçirip, penta-trik etdi hem-de umumy gollarynyň sanyny 9-a ýetirdi. Şeýlelikde, ol bombardirleriň sanawynda birinji orny eýeledi. Öň sanawyň başynda barýan Medetgeldi Çaryýew («Ahal II») 6 gol bilen ikinji orna düşdi. «Nebitçi II» toparynyň oýunçysy Elýas Agöýliýew bolsa 5 gol bilen üçünji ýerde ýerleşýär.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


