APL. "Kobbi Maýnu" "Mançester Ýunaýted" bilen şertnamasyny uzaltdy

«Mançester Ýunaýted» topary ýaş ýarymgoragçysy Kobbi Maýnu bilen täze şertnama baglaşandygyny resmi taýdan mälim etdi. 21 ýaşly iňlis futbolçynyň täze şertnamasy 2031-nji ýylyň tomsuna çenli dowam eder.

Kobbi Maýnu «Mançester Ýunaýtediň» akademiýasynyň ýetişdiren futbolçylarynyň biridir. Ol soňky möwsümlerde esasy düzümde özüni görkezmegi başardy we häzirki wagtda toparyň esasy oýunçylarynyň birine öwrüldi.

Soňky maglumatlara görä, täze şertnamadan soň futbolçynyň aýlygy hem ep-esli ýokarlandy. Ozal hepdelik 20 müň funt sterling gazanýan Maýnu indi hepdesine 150 müň funt sterling töweregi gazanar. Şeýlelikde, onuň aýlygy takmynan 650 göterim artdy.

21 ýaşly ýarymgoragçy şu wagta çenli «Mançester Ýunaýtediň» esasy toparynda 98 duşuşyk geçirip, 7 gol we 5 asist etdi.

Häzirki möwsümde bolsa Maýnu ähli ýaryşlarda 26 oýna çykyp, 2 gol hem-de 2 asist bilen tapawutlandy.

Maýkl Karrigiň tälim berýän «Mançester Ýunaýtedi» häzirki wagtda Angliýanyň Premýer ligasynyň ýaryş tertibinde 34 tapgyrdan soň 61 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär.

"Gyzyl şeýtanlar" indiki duşuşygyny 3-nji maýda öz meýdançasynda «Liwerpula» garşy geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 19:30-da başlanar.