UCL. "Arsenal" Madridden ýeňişsiz, ýöne amatly hasap bilen dolandy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda Madridiň «Atletiko» topary öz meýdançasynda Londonyň «Arsenalyny» kabul etdi. "Riýad Eýr Metropolitano" stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda stadiondaky atmosfera aýratyn ünsi çekdi. Toparlaryň futbolçylary meýdança çykanda «Atletikonyň» janköýerleri stadiony şowhun bilen doldurdy. Şeýle-de olar meýdança müňlerçe hajathana kagyzlaryny zyňyp, özboluşly goldaw görkezdi. Şol sebäpli duşuşyk birnäçe wagtlyk saklanyp hem galdy.

Meýdançadaky göreş bolsa ilkinji minutlarda seresaply häsiýetde geçdi. Iki topar hem esasan goraga üns berdi we howply pursatlar kän bolmady. Şeýle-de bolsa birinji ýarymyň ahyrynda hasap açyldy.

«Arsenalyň» hüjümçisi Wiktor Dýokereş jerime meýdançasynyň içinde garşydaş bilen çaknyşyp ýykyldy we baş emin 11 metrlik jerime urgusyny görkezdi. Şol urgyny Dýokereşiň özi ýerine ýetirip, londonly topary 45-nji minutda öňe çykardy. Şeýlelikde toparlar arakesmä «Arsenalyň» 1:0 hasabyndaky üstünligi bilen gitdi.

Ikinji ýarymyň başynda eýýäm madridliler jogap berdi. «Arsenalyň» goragçysy Ben Waýtyň eline top degensoň, bu gezek «Atletiko» 11 metrlik jerime urgyny gazandy. 52-nji minutda Hulian Alwares dürs urgusy bilen hasaby deňledi – 1:1.

Şondan soň oýunda başlangyç eýeleri has işjeň çykyş etdi. «Atletiko» birnäçe howply hüjüm gurady, emma londonly toparyň derwezebany Dawid Raýa ynamly oýun görkezdi. Şeýle-de Antuan Grizmannyň urgusy sütün diregine degip, madridliler ikinji goldan mahrum boldy.

Duşuşygyň soňlaryna golaý «Arsenal» ýene-de hüjüme işjeň goşuldy. Oýnuň soňky minutlarynda Noni Madueke jerime meýdançasynyň içinde ýykylandan soň baş emin üçünji penalti belledi. Emma "VAR" ulgamyndaky gaýtalanmalardan soň çözgüt üýtgedildi we 11 metrlik jerime urgusy ýatyryldy.

Şeýlelikde, ýarym finalyň ilkinji duşuşygynda ýeňiji kesgitlenmedi. Jogap oýny 5-nji maýdan 6-njy maýa geçilýän gije Londonda geçiriler. Bu duşuşykdan soň finala çykjak toparyň ykbaly "Emireýts" stadionyndaky jogap garşylaşygyna galdy.