UCL. "PSŽ" bilen "Bawariýanyň" duşuşygy rekordlara baý boldy
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda geçirilen «PSŽ» – «Bawariýa» duşuşygy diňe bir hasap bilen däl, eýsem oýnuň hili, taktiki göreşi we rekordlary bilen hem futbol taryhyna girdi. Pariždäki "Park de Prens" stadionynda geçirilen ilkinji ýarym final duşuşygynda «PSŽ» 5:4 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda iki toparyň hem açyk futbol oýnajakdygy garaşylýardy, emma hiç kim şeýle derejede hüjüm futbolynyň boljakdygyny çaklamandy. Luis Enrike bu oýunda Hansi Fligiň pressing ulgamyna meňzeş gurluşy saýlady. «PSŽ-niň» gapdal hüjümçileri garşydaşyň merkezi goragçylaryna basyş etdi, olaryň yzyndan gapdal goragçylar ätiýaçlandyrdy, hüjümçi bilen "onluk" bolsa merkezi ýapdy. Şeýle pressing arkaly parižliler «Bawariýanyň» topy goragdan çykarmagyny kynlaşdyrdy we köp ýagdaýda topy garşydaşdan alyp bildi.
Wensan Kompaniniň topary hem öz prinsiplerinden ýüz öwürmedi. Hatda hasap 5:2 bolan wagtynda-da «Bawariýanyň» gorag çyzygy tutuşlygyna diýen ýaly garşydaşyň ýarym meýdançasynda ýerleşýärdi. Iki toparyň hem töwekgel hüjüm futboly duşuşygy hakyky gol şüweleňine öwürdi. Statistikada hem bu aýdyň görünýär – derwezä gönükdirilen 10 urgynyň 9-sy gol bilen tamamlandy.
Duşuşykda aýratyn tapawutlanan futbolçylaryň arasynda «PSŽ-niň» gapdal hüjümçisi Hwiça Kwarasheliýa bilen ýarymgoragçysy Witinýa boldy. Gruziýaly futbolçy iki gol geçirip, garşydaş goragy üçin uly howp döretdi. Witinýa bolsa Ýozua Kimmih bilen Garri Keýniň goşa basyşyna garamazdan, gorag bilen hüjümiň arasynda esasy baglanyşyk boldy we netijeli hüjümleriň birinde ajaýyp pas berdi.
«Bawariýanyň» düzüminde bolsa Luis Dias bilen Garri Keýn tapawutlandy. Keýn diňe hüjümde däl, eýsem aşak düşüp toparyna pressingden çykmaga hem kömek etdi. Şeýle-de ol Luis Diasyň golunda ajaýyp uzak pas bilen asist etdi.
Bu duşuşyk Çempionlar ligasynyň taryhyndaky iň netijeli ýarym final boldy. Iki topar jemi dokuz gol geçirip, täze taryhy rekord goýdy. Şeýle-de ilkinji gezek iki topar hem ýarym final duşuşygynda dört ýa-da ondan köp gol geçirmegi başardy.
«PSŽ-niň» bu möwsümdäki Çempionlar ligasyndaky gollarynyň sany 43-e ýetdi. Bu bolsa ýaryşyň taryhyndaky ikinji iň gowy görkeziji boldy. Häzirlikçe diňe 1999/2000 möwsümindäki Lui wan Galyň «Barselonasy» 45 gol bilen öňde barýar.
«Bawariýa» hem hüjümde täsirli çykyşyny dowam etdirýär. Nemes toparynyň häzirki möwsümde geçiren gollarynyň sany 42-ä ýetdi. Bu bolsa Çempionlar ligasynyň taryhyndaky bäşinji iň gowy netije boldy.
Duşuşygyň iň gowy futbolçysy hökmünde «PSŽ-niň» hüjümçisi Usman Dembele saýlandy. Fransuz futbolçy bu oýunda iki gol geçirip, bir asist hem etdi. Ol Žoau Neweşiň golunda burç urgusyndan netijeli pas berdi.
Hwiça Kwarasheliýa hem täze taryhy rekord goýdy. Gruziýaly winger häzirki möwsümde Çempionlar ligasynda 10 gol we 5 asist bilen jemi 15 netijeli herekete gatnaşdy. Şeýlelikde, ol «PSŽ-niň» taryhynda bir möwsümde iň köp "gol+asist" görkezijisini toplan futbolçy boldy. Ozalky rekord geçen möwsümde 14 netijeli hereket eden Usman Dembelä degişlidi.
«Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn hem rekord bilen tapawutlandy. Iňlis futbolçy alty duşuşyk bäri Çempionlar ligasynda yzly-yzyna gol geçirýär. Şeýlelikde, ol ýaryşyň taryhynda iňlis futbolçylarynyň arasynda iň uzyn gol seriýasyny görkezdi. Ozalky rekord 2008-nji ýylda Stiwen Jerrarda degişlidi.
Keýn häzirki möwsümde Çempionlar ligasynda 13 gol geçirip, bombardirleriň sanawynda ikinji ýerde ýerleşýär. Ondan diňe Kilian Mbappe öňde barýar.
Derwezebanlar üçin bolsa bu duşuşyk agyr synag boldy. «Bawariýanyň» tejribeli derwezebany Manuel Noýer garşydaşyň derwezä gönükdiren bäş urgusynyň ählisini gol hökmünde goýberdi. Şeýlelikde, ol soňky ýyllaryň Çempionlar ligasyndaky iň erbet statistikalarynyň birini görkezdi. Şeýle ýagdaý soňky gezek 2000-nji ýylda «Çelsiniň» derwezebany Ed de Guý bilen bolupdy.
Rus derwezebany Matweý Safonow hem aýratyn ünsi çekdi. Ol häzirki görnüşindäki Çempionlar ligasynda 1992-nji ýyldan bäri ýarym finalda çykyş eden ilkinji rus derwezebany boldy. Şeýle-de bolsa, Safonow bu duşuşykda dört gol geçirtdi we oýundan soň iň pes bahalaryň birini alan futbolçylaryň arasynda görkezildi.
«PSŽ-niň» marokkoly goragçysy Aşraf Hakimi hem täze taryhy sepgide golaýlaşdy. Ol bu duşuşykda asist edip, Çempionlar ligasyndaky asistleriniň sanyny 18-e ýetirdi. Afrikaly futbolçylaryň arasynda diňe Samuel Eto’O bilen Muhammed Salah ondan ýokary görkeziji eýeleýär.
Duşuşygyň soňlarynda Hakimi şikes alana meňzeş ýagdaýda meýdançada agyry duýdy. Luis Enrike ähli çalşyk mümkinçiliklerini diýen ýaly ulanyp bolandygy sebäpli, marokkoly futbolçy oýny dowam etdirmeli boldy. Häzirki wagtda onuň ýagdaýy barada goşmaça maglumatlara garaşylýar.
Bu ýeňiş «PSŽ» üçin hem aýratyn ähmiýetli boldy. Parižliler 2021-nji ýylyň aprelinden bäri «Bawariýany» Çempionlar ligasynda ýeňip bilmändi. Şeýlelikde, bäş ýyldan soň nemes topary garşy üstünlik gazanyldy.
Jogap duşuşygy 6-njy maýda Mýunhendäki "Alýans Arena" stadionynda geçiriler. Şeýle güýçli ilkinji oýundan soň futbol janköýerleri jogap duşuşygyna has-da uly gyzyklanma bilen garaşýarlar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


