UCL. "PSŽ" bilen "Bawariýa" duşuşar

Ýewropanyň iň abraýly futbol ýaryşy bolan Çempionlar ligasynda ýarym final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklarynyň biri Fransiýada geçiriler. Bu gezek «PSŽ» topary öz meýdançasynda Germaniýanyň çempiony «Bawariýa» toparyny kabul eder.

Fransuz hem-de nemes futbolynyň iki ägirdi bolan toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk 28-nji aprelden 29-njy aprele geçilýän gije geçiriler. Duşuşygyň başlanjak wagty Aşgabat wagty bilen 00:00-a gabat gelýär.

Jogap duşuşygy bolsa Germaniýada geçiriler. «Bawariýa» bilen «PSŽ-niň» arasyndaky ikinji oýun 6-njy maýdan 7-nji maýa geçilýän gije meýilleşdirildi.

«Bawariýa» topary häzirki möwsümde eýýäm Germaniýanyň çempiony bolmagy başardy. Wensan Kompanynyň şägirtleri Bundesligada öňünden çempionlygy üpjün etdiler. «PSŽ» topary hem Fransiýanyň Liga 1 ýaryşynda çempionlyga örän golaý geldi we topar ýakyn wagtda nobatdaky altyn medallaryny resmi taýdan üpjün edip biler.

Pariž topary soňky ýyllarda Ýewropa futbolynda iň güýçli toparlaryň birine öwrüldi. «PSŽ» häzirki wagtda Çempionlar ligasynyň hem-de UEFA-nyň Superkubogynyň hereket edýän eýesi bolup durýar. Parižliler bu iki kubogy hem 2025-nji ýylda öz taryhynda ilkinji gezek gazanypdy.

Şol sebäpli «PSŽ» bilen «Bawariýanyň» arasyndaky ýarym final diňe bir häzirki möwsümiň däl, eýsem soňky ýyllaryň iň gyzykly garşylyklarynyň biri hökmünde garalýar. Iki topar hem finala çykyp, Ýewropanyň iň esasy kubogy ugrunda göreşi dowam etdirmek isleýär.