SüperLig. "Fenerbahçe" baş tälimçisini wezipesinden boşatdy
Türkiýäniň «Fenerbahçe» topary baş tälimçisi Domeniko Tedesko bilen hyzmatdaşlygyny bes etdi. Bu barada topar resmi habar berdi.

Diňe baş tälimçi däl, eýsem toparyň dolandyryş düzüminde hem birnäçe üýtgeşmeler boldy. Sport direktory Dewin Özek hem-de futbol bölüminiň koordinatory Berke Çelebi hem wezipesinden boşadyldy. Möwsümiň ahyryna çenli topary Zeki Murat Gele dolandyrar. Ol öň hem Žoze Mourinýo wezipesinden boşadylandan soň wagtlaýyn tälimçi hökmünde iş alyp barypdy.
Domeniko Tedesko «Fenerbahçe» toparyna 2025-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda bellenipdi. Bu belleniş Žoze Mourinýonyň wezipesinden boşadylmagyndan soň amala aşyrylypdy. Nemes hünärmeni toparyň başynda 45 duşuşyk geçirip, olaryň 26-synda ýeňiş gazandy, 12-sinde deňme-deň oýnady we 7-sinde ýeňildi.
Şeýle-de «Fenerbahçe» topary Ýewropa ligasynda pleý-off tapgyrynda «Nottingem Forest» toparyndan ýeňlip, ýaryşdan çykypdy. Içerki çempionatda bolsa ýagdaý has-da kynlaşdy. Soňky duşuşykda topar Stambul derbisinde «Galatasaraý» toparyndan 0:3 hasabynda utuldy. Bu ýeňliş garşydaşyň çempionlyga ýakynlaşmagyna uly täsir etdi.
Häzirki wagtda «Fenerbahçe» topary Türkiýäniň çempionatynyň sanawynda ikinji orunda ýerleşýär we lider «Galatasaraýdan» 7 utuk yzda galýar. Möwsümiň tamamlanmagyna bolsa bary-ýogy üç tapgyr galyp, topar üçin ýagdaý çylşyrymly bolup görünýär.
Şeýlelikde, soňky netijeler we derbidäki uly ýeňliş «Fenerbahçe» toparynyň ýolbaşçylaryny düýpli çözgüt kabul etmäge mejbur etdi we netijede Domeniko Tedesko wezipesinden boşadyldy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


