Dramatik ýagdaýda çempion soňky minutlarda çözüldi

Angliýanyň bäşinji ligasynda möwsümiň iň soňky tapgyry örän dramatik ýagdaýda tamamlandy. Çempionlygyň ykbaly diňe soňky minutlarda çözülip, iki toparyň arasynda uly göreş boldy.

Soňky tapgyrdan öň «Ýork Siti» topary 107 utuk bilen birinji orunda ýerleşýärdi, «Roçdeýl» topary bolsa 105 utuk bilen ikinji ýerde barýardy. Düzgüne görä, diňe birinji orny eýelän topar göni dördünji ligada çykýardy. Şol sebäpli bu iki toparyň özara duşuşygy möwsümiň iň möhüm oýnuna öwrüldi. «Ýork Siti» üçin deňlik hem ýeterlikdi, «Roçdeýl» bolsa diňe ýeňiş gazanmaly ýagdaýdady.

Duşuşyk uzak wagtlap golsuz dowam etdi we hemme zat 0:0 hasap bilen tamamlanjak ýaly görünýärdi. Emma 90+5-nji minutda «Roçdeýl» topary hasaby açmagy başardy. Şol pursatda olar onlaýn tertipde birinji orna çykdylar we çempionlyga golaýlaşdylar. Hatda janköýerler meýdana ylgap çykyp, ýeňşi baýram edip başladylar. Bu ýagdaý sebäpli duşuşyk alty minut töweregi wagtlaýyn togtadyldy.

Şol togtadylma sebäpli duşuşyga goşmaça wagt hem artdyryldy. Hut şol goşmaça minutlaryň dowamynda, 90+13-nji minutda «Ýork Siti» topary hasaby deňledi. Gaýtalamalarda topuň doly çyzykdan geçendigi anyk görünmese-de, bu ligada "VAR" ulgamy ýoklugy sebäpli baş emin goly hasaba aldy.

Netijede duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Bu deňlik «Ýork Siti» toparyna 10 ýyldan soň ilkinji gezek göni Liga 2-ä çykmaga mümkinçilik berdi. «Roçdeýl» topary bolsa 106 utuk bilen ikinji orunda galyp, indi pleý-off duşuşyklary arkaly ýokarky ligada çykmaga synanyşmaly bolar.