Ýewropada çempionlyk göreşi gyzyşýar
Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynda geçen dynç günleri geçirilen duşuşyklar çempionlyk göreşiniň has-da ýitileşendigini görkezdi. Käbir toparlar öňe saýlanyp başlasa, beýlekileri üçin ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar.
Angliýanyň Premýer-ligasynda esasy üns «Mançester Siti» bilen «Çelsi» toparlarynyň Angliýa Kubogynyň finalyna çykmagyna gönükdirilen hem bolsa, çempionatdaky göreş hem dowam etdi. «Arsenal» topary täzeden birinji orna çykmagy başardy, emma bu ýagdaý wagtlaýyn bolup biler. «Liwerpul» ilkinji dörtlüge dolanyp geldi. «Tottenhem» topary bolsa 2026-njy ýylda ilkinji ýeňşini gazanandygyna garamazdan, henizem aşaky zonada galýar.
Ispaniýanyň La Ligasynda «Barselona» topary «Real» toparynyň utugyny ýitirmeginden peýdalanyp, çempionlyga ýene-de bir ädim ýakynlaşdy. Eger indiki tapgyrda katalon topary ýeňiş gazanyp, madridliler ýeňlip ýa-da utuk ýitirse, çempionlyk yglan edilip bilner.
Italiýanyň Seriýa A-synda «Inter» topary «Torino» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Şeýle bolsa-da, toparyň çempionlyk mümkinçiligi örän ýokary bolup galýar. Olar üçin diňe 3 utuk ýeterlik bolup durýar.
Germaniýanyň Bundesligasynda «Bawariýa» topary çempionlygyny eýýäm üpjün eden ýagdaýynda-da täsirli çykyşyny dowam etdirdi. «Maýns» bilen duşuşykda 0:3 hasabynda yza galandygyna garamazdan, ahyrynda ýeňiş gazanmagy başardy. Bu olaryň çempion hökmünde ilkinji duşuşygy boldy.
Fransiýanyň çempionatynda «Lans» topary «Brest» bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnap, möhüm utuklary ýitirdi. Munuň arkasynda «PSŽ» topary «Anže» toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, öňdäki ornuny has-da berkidip, ikinji orundan 6 utuk öňe saýlandy.
Şeýle hem hepdäniň dowamynda aýratyn tapawutlanan oýunçylar hem boldy. «Alawesiň» oýunçysy Toni Martines «Malýorka» (2:1) garşy geçirilen duşuşykda iki gol geçirdi. «Borussiýa Dortmundyň» oýunçysy Rami Bensebaini «Fraýburga» (4:0) garşy oýunda bir gol we bir asist bilen tapawutlanyp, derwezesini hem "golsuz" saklady. «PSŽ»-niň oýunçysy Lukas Beraldo «Anže» (3:0) garşy oýunda 1 gol we 1 asist etdi. «Atletiko Madridiň» oýunçysy Aleksandr Sörlot «Atletik Bilbao» (3:2) garşy duşuşykda dubl etdi. Şeýle hem Kewin de Bruýne «Kremoneze» (4:0) garşy oýunda bir gol we bir asist bilen toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


