Futbol sanlarda: Ýewropa ligalarynda rekordlar we täsin görkezijiler
Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynda soňky duşuşyklardan soň birnäçe täsin statistiki görkezijiler we täze rekordlar hasaba alyndy. Angliýa, Ispaniýa, Italiýa, Germaniýa we Fransiýa çempionatlarynda bolup geçen wakalar futbol janköýerleriniň ünsüni özüne çekdi.
Angliýanyň Premýer-ligasynda «Arsenal» topary bu möwsümde burç urgularyndan 17 gol geçirip, täze rekord goýdy. Şeýle hem «Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogynyň taryhynda yzly-yzyna dört möwsüm finala çykmagy başaran ilkinji topar boldy. Mundan başga-da, "şäherliler" 33-nji tapgyrdan soň lider bolan ýagdaýynda heniz hiç haçan çempionlygy elden gidirmändir.
«Çelsi» topary üçin bolsa ýagdaý çylşyrymly bolup galýar. London topary yzly-yzyna 12 duşuşykda öz derwezesini "golsuz" saklap bilmän gelýär. Şeýle ýagdaý soňky gezek 1996/97 möwsüminde ýüze çykypdy.
Ispaniýanyň La Ligasynda «Barselona» toparynyň hüjümçisi Robert Lewandowski möhüm görkezijä ýetdi. Ol gol we asistleriň jemi boýunça 100 utuga ýetip, XXI asyrda bu görkezijä ýeten iň uly ýaşly futbolçy boldy.
Italiýada bu möwsüm aýratyn rekord bilen ýatda galdy. «Inter» toparynyň goragçysy Federiko Dimarko bir möwsümde 18 asist edip, Seriýa A-nyň täze rekordyny goýdy. Ol bu görkeziji boýunça öňki rekordy – 2016/17 möwsüminde 16 asist eden Papu Gomezden öňe geçdi. Şeýle hem gyşky transfer penjiresiniň girizilen döwründen bäri (2001/02 möwsüminden başlap) diňe Mario Balotelli ilkinji möwsüminde 12 gol geçirip, täze gelen oýunçylaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezdi. Häzirki wagtda Doniell Malen hem 11 gol bilen şol görkezijä ýakynlaşdy.
Şeýle hem belgi etmeli zatlaryň biri – Kewin de Bruýne top-ligalarda 100 gol geçiren ýarymgoragçylaryň hataryna goşuldy. 2012/13 möwsüminden bäri ondan has köp gol geçiren diňe Marko Roýs bolup, onuň hasabynda 120 gol bar.
Germaniýanyň Bundesligasynda Ýulian Brandt 30 ýaşyna ýetmezden öň 380 duşuşyk geçirip, özboluşly görkezijä ýetdi. Bu görkeziji boýunça diňe Çarli Körbel (384 oýun) ondan öňde ýerleşýär.
Fransiýanyň çempionatynda bolsa «Mets» topary «Gawr» bilen geçirilen duşuşykda dört gezek hasaby deňläp, taryhda diňe ikinji gezek gaýtalanan netijäni gazandy. Şeýle ýagdaý ilkinji gezek 1960-njy ýylda «Gawr» bilen «Rasing» toparlarynyň arasynda hasaba alnypdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


