APL. Hawi Simons agyr şikes aldy, ol indiki ýyla çenli oýnamaz
Londonyň «Tottenhem» toparynyň ýarymgoragçysy Hawi Simons Premýer-liganyň çäginde «Wulwerhempton» toparyna garşy geçirilen soňky duşuşykda agyr şikes aldy. Gollandiýaly futbolçy oýnuň 63-nji minutynda meýdany terk etmeli boldy.

Žurnalist Fabrizio Romano tarapyndan berlen maglumatlara görä, lukmançylyk barlaglarynyň netijesinde Simonsyň dyzynyň öňki haç baglarynyň üzülendigi anyklandy. Bu şikes örän çynlakaý hasaplanýar we futbolçynyň meýdana dolanyp gelmegi diňe 2027-nji ýylda mümkin bolar diýlip garaşylýar. Şeýle hem onuň diňe häzirki möwsümi däl, eýsem öňde boljak Dünýä çempionatyny hem sypdyrjakdygy aýdylýar.
Ýatladyp geçsek, häzirki möwsüm Hawi Simons üçin «Tottenhemiň» düzümindäki ilkinji möwsüm boldy. Ol geçen tomus Germaniýanyň «RB Leýpsig» toparyndan 65 million ýewro bahasyna transfer bolup geldi. Ilkinji möwsüminde ol ähli ýaryşlarda jemi 41 duşuşykda meýdana çykyp, 5 gol geçirip hem-de 6 asist berdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


