FA Cup. "Man Siti" bilen "Çelsi" finalda
Angliýanyň futbol boýunça Kubogynda ýarym final duşuşyklary tamamlandy we finalda oýnajak toparlar belli boldy.
Ýarym finalyň ilkinji duşuşygynda «Mançester Siti» topary "Wembli" stadionynda «Sautgempton» topary bilen duşuşdy. Duşuşykda garşydaş topar öňe saýlan hem bolsa, «Mançester Siti» gaýdyp gelmegi başardy we 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. «Şäherlileriň» gollaryny Žeremi Doku hem-de Niko Gonzales geçirdi, «Sautgempton» toparynyň ýeke-täk goluny bolsa Finn Azaz öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Pep Guardiolanyň şägirtleri finala çykmagy başardy.
Bu netije bilen «Mançester Siti» aýratyn taryhy üstünlik gazandy – topar Angliýanyň Kubogynyň finalyna yzly-yzyna dört möwsüm çykýan ilkinji topar boldy (2022/23, 2023/24, 2024/25, 2025/26).
Ikinji ýarym final duşuşygynda bolsa «Çelsi» topary «Lids» topary bilen "Wembli" stadionynda güýç synanyşdy. Duşuşykda ýeke-täk gol geçirildi we ony Enzo Fernandez öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, «Çelsi» minimal hasap bilen ýeňiş gazanyp, finala çykdy. Bu goluň asistini Pedro Neto ýerine ýetirdi.
Şeýlelikde, Angliýanyň Kubogynyň 145-nji möwsüminiň finalynda «Mançester Siti» bilen «Çelsi» toparlary duşuşar. Final duşuşygy 16-njy maýda Londondaky "Wembli" stadionynda geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


