WC 2026. Militao şikes sebäpli ýaryşa gatnaşmaz
Madridiň «Real Madrid» toparynyň braziliýaly goragçysy Eder Militao şikes sebäpli 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmez. Bu barada žurnalist Fabrizio Romano hem-de beýleki çeşmeler habar berýär.

Maglumata görä, futbolça çep buduň myşsasynyň täze şikesi sebäpli operasiýa edilmegi meýilleşdirilýär. Şonuň üçin ol iýun aýynda başlanjak Dünýä çempionatyna çenli doly dikelip ýetişmez.
Žurnalistleriň berýän maglumatlaryna görä, Militao dekabr aýynda alan şikesinden soň ilkinji başda operasiýa edilmelidi. Emma şol wagt lukmanlar uzak wagt meýdançadan daşda galmazlygy üçin konserwatiw bejergini saýlapdylar. Şeýle-de bolsa, bu kararyň töwekgelçiligi bardy – şikesiň islendik wagtda gaýtadan agyrlaşmagy mümkin diýlip çaklanypdy. Netijede, hut şeýle ýagdaý ýüze çykdy we futbolçynyň ýagdaýy ýene-de kynlaşdy.
Şeýlelikde, häzirki wagtda operasiýa zerur bolup durýar we bu ýagdaý onuň Dünýä çempionatyna gatnaşmagyna päsgel berýär.
28 ýaşly goragçy şu möwsümde ähli ýaryşlarda jemi 21 duşuşykda meýdança çykyp, 2 gol geçirdi we 1 asist berdi. Ol topar üçin goragda möhüm oýunçylaryň biri hasaplanýardy.
2026-njy ýyldaky Dünýä çempionaty 11-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda ABŞ, Kanada we Meksika ýurtlarynda geçiriler. Braziliýanyň milli ýygyndysy toparçada Gaiti, Marokko hem-de Şotlandiýa bilen bilelikde çykyş eder.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


