TÝB - 2026. Şu gün 5-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar birinjiliginiň 5-nji tapgyrynyň ähli duşuşyklary şu gün – 25-nji aprelde geçiriler. Öňki tapgyrdan soň ýaryş tertibinde emele gelen dartgynly ýagdaý täze tapgyrda hem dowam eder.

Tapgyryň çäginde dört duşuşyk meýilleşdirildi. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumy" stadionynda «Altyn Asyr II» topary «Merw II» toparyny kabul eder. Şeýle-de Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky "Futbol meýdança" stadionynda «Şagadam II» topary «Ahal II» topary bilen güýç synanyşar. Bu iki duşuşyk hem sagat 16:00-da başlanar.

Şeýle-de Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda «Aşgabat II» topary «Köpetdag II» toparyny kabul eder. Bu oýun sagat 16:30-da başlanar.

Tapgyryň iň gyzykly duşuşyklarynyň biri Balkanabat şäherindäki "Sport toplumy" stadionynda geçiriler. Bu ýerde «Nebitçi II» topary öz meýdançasynda ýaryşyň lideri «Arkadag II» topary bilen duşuşar. Oýun sagat 17:00-da başlanar.

Ýatladyp geçsek, 4-nji tapgyrdan soň «Arkadag II» 10 utuk bilen birinji orny eýeleýär. «Nebitçi II» 9 utuk bilen ikinji, «Ahal II» bolsa 8 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär. Şol sebäpli bu tapgyr liderlik ugrunda aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.