Serie A. "Inter" Akanjini doly transfer eder

«Inter» topary şweýsariýaly goragçy Manuel Akanjini doly transfer etmek ugrunda möhüm ädim ätdi. Meşhur žurnalist Fabrizio Romanonyň berýän maglumatlaryna görä, milan topary «Mançester Siti» bilen oýunçynyň doly geçirilmegi boýunça ylalaşyk gazandy.

Maglumatlara görä, bu geçirim maý aýynda resmi taýdan tamamlanar. «Inter» Akanjini satyn almak üçin takmynan 15 million ýewro tölemeli bolar.

Manuel Akanji 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri kärendesi esasynda «Interde» çykyş edýär. Ol bu döwürde toparyň esasy goragçylarynyň birine öwrülip, ähli ýaryşlarda 42 duşuşyk geçirdi hem-de 2 gol bilen tapawutlandy.

30 ýaşly goragçynyň durnukly oýny «Interiň» tälimçiler toparynyň ynamyny gazanmagyna getirdi we netijede topar ony doly düzümine goşmak kararyna geldi. "Transfermarkt" portalyň maglumatlaryna görä, Şweýsariýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysynyň häzirki bazar bahasy 18 million ýewro töweregi diýlip bahalandyrylýar.