UCL. "Benfikanyň" oýunçysy Prestiani çetleşdirildi

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi – UEFA «Benfika» toparynyň oýunçysy Janluka Prestiani boýunça düzgün bozmalary sebäpli karar çykardy. Futbolçy jemi alty duşuşyklyk çetleşdirme jezasyna sezewar edildi.

Bu waka fewral aýynda Çempionlar ligasynyň çäginde geçirilen «Benfika» bilen «Real Madridiň» arasyndaky duşuşykda bolup geçdi. Duşuşygyň ikinji ýarymynda «Real Madridiň» hüjümçisi Winisius Žunior baş emine ýüzlenip, garşydaş oýunçy tarapyndan kemsidiji sözleriň aýdylandygyny habar berdi. Braziliýaly futbolçynyň sözlerine görä, oňa garşy jynsparazlyk mazmunyndaky söz ulanylypdyr.

Şeýle-de bolsa, Janluka Prestiani soňra bu aýdylan sözleriň jynsparazlyk häsiýetli däldigini öňe sürdi. Muňa garamazdan, UEFA ýagdaýy seljerip, futbolça garşy sanksiýa girizmek kararyna geldi.

Resmi maglumatlara görä, alty duşuşyklyk çetleşdirmegiň diňe üçüsi derrew güýje girýär. Galan üç duşuşyk bolsa şertli bolup, diňe futbolçy ýene-de şuňa meňzeş düzgün bozma ýol berse, iki ýylyň dowamynda güýje giriziler.