APL. "Çelsiniň" baş tälimçisi Liam Rozenýor wezipesinden boşadyldy

Londondaky «Çelsi» topary baş tälimçisi Liam Rozenýory wezipesinden boşatdy. Bu barada toparyň özi resmi taýdan habar berdi.

Topar möwsümiň ahyryna çenli baş tälimçiniň wezipesini Kallum Makfarleýniň ýerine ýetirjekdigini mälim etdi. Ol ozal hem «Çelside» wagtlaýyn ýolbaşçy hökmünde işläpdi – Enso Mareska wezipesinden boşadylandan soň hem-de Liam Rozenýor bellenilmezden öň topary dolandyrypdy.

Rozenýoryň wezipesinden boşadylmagyna esasy sebäp toparyň şowsuz netijeleri boldy. 21-nji aprelde «Çelsi» Angliýanyň Premýer ligasynda yzly-yzyna bäşinji gezek ýeňildi. Bu gezek topar myhmançylykda «Braýton» toparyndan 0:3 hasabynda utuldy. Şeýlelikde, soňky bäş duşuşykda «Çelsi» umumy 0:11 hasaby bilen ýeňildi we bu görkeziji 1998-nji ýyldaky anti-rekorddan hem erbet boldy.

Häzirki wagtda «Çelsi» 48 utuk bilen ýaryş tertibinde 7-nji orunda ýerleşýär. Şeýle-de bolsa, beýleki toparlaryň bu tapgyrdaky duşuşyklary heniz geçirilmedi.

Soňky ýeňlişden soň toparyň janköýerleri Rozenýora garşy nägilelik bildirip, onuň wezipesinden gitmegini talap etdiler.

Liam Rozenýor «Çelsa» bary-ýogy üç aý öň bellenilipdi. 41 ýaşly hünärmen topar bilen 2032-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşypdy. Ýöne häzirki ýagdaýda topar ony möhletinden öň işden boşatdy. Britaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Rozenýor şertnamasy sebäpli uly möçberde – takmynan 27,6 million ýewro möçberinde öwez töleg alyp biler.

Rozenýor ozal «Çelsiniň» hyzmatdaş topary bolan «Strasburgy» hem dolandyrypdy. Şeýle-de tälimçilik ýoluna başlanyndan bäri gysga wagtda uly topary dolandyrmak mümkinçiligini aldy, ýöne garaşylan netijeleri gazanyp bilmedi.

Indi «Çelsi» möwsümi üstünlikli tamamlamak hem-de Ýewropa ýaryşlaryna çykmak ugrunda göreşini täze ýolbaşçy bilen dowam etdirer.