TÝL - 2026. Ýaryş tertibinde ýeke-täk lider ýüze çykdy
Türkmenistanyň Ýokary ligasynda 4-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy we ähli oýunlar gyzykly göreş hem-de garaşylmadyk netijeler bilen ýatda galdy. Tapgyr 21-nji aprelde başlanyp, 22-nji aprelde geçirilen duşuşyklar bilen doly jemlendi.
Tapgyryň açylyş duşuşygynda «Arkadag» topary öz meýdançasynda «Şagadam» toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy. Bu oýunda «Arkadag» toparynyň gollaryny 4-nji we 38-nji minutlarda Didar Durdyýew, 75-nji minutda bolsa Şamämmet Hydyrow geçirdi. «Şagadam» toparynyň düzüminde Serdar Gulyýew 45-nji hem-de 61-nji minutda (11 metrlik jerime urgusy) tapawutlanyp, iki gol geçirdi.
22-nji aprelde geçirilen duşuşyklaryň birinde «Nebitçi» topary myhmançylykda «Köpetdag» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 38-nji minutda Begenç Mämiýew geçirdi.
Mary şäherinde geçirilen duşuşykda «Merw» topary «Aşgabat» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Meýdan eýeleriniň gollaryny 39-njy minutda Mukam Nazzyýew hem-de 59-njy minutda Awdyresul Abdyýew geçirdi. Myhmanlaryň ýeke-täk goluny bolsa 90+7-nji minutda Didar Didarow geçirdi.
Tapgyryň soňky duşuşygynda «Ahal» bilen «Altyn Asyr» toparlarynyň arasynda gol geçirilmedik deňlik hasaba alyndy — 0:0.
Şeýlelikde, 4-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibinde «Arkadag» topary 12 utuk bilen birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda 9 utuk bilen «Şagadam» ýerleşýär. Üçünji orny 7 utuk bilen «Merw» eýeleýär, şol sanda «Altyn Asyr» hem 7 utuk bilen dördünji orunda ýerleşýär.
Iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda «Şagadam» toparyndan Serdar Gulyýew 5 gol bilen öňdeligi eýeleýär. «Arkadag» toparynyň oýunçysy Didar Durdyýew 4 gol bilen ikinji orunda ýerleşýär. Şeýle-de «Nebitçi» toparyndan Begenç Mämiýew hem-de «Merw» toparynyň oýunçylary Mekan Ýazmyradow we Awdyresul Abdyýew hersi 3 gol bilen üçünji orunlary paýlaşýarlar.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


