APL. "Wulwerhempton" 9 ýyldan soň aşaky liga düşdi

Angliýanyň Premýer-ligasynyň 33-nji tapgyrynda geçirilen «Kristal Pelas» bilen «West Hem» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk (0:0) möwsümiň iň möhüm netijeleriniň birine öwrüldi. Hut şu deňlik «Wulwerhempton» toparynyň resmi taýdan Çempionşibe düşmegine sebäp boldy.

"Selherst Park" stadionynda geçirilen bu duşuşykdan soň «West Hem» topary 33 utuga ýetdi we soňky orundaky «Wulwerhempton» üçin ýetip bolmajak aralygy emele getirdi. "Möjekler" häzirki wagtda bary-ýogy 17 utuk toplap, möwsümiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda matematik taýdan Premýer-ligada galmak mümkinçiligini doly ýitirdi. Şeýlelikde, topar dokuz ýyldan soň ilkinji gezek aşaky liga – Çempionşipde çykyş eder.

Häzirki wagtda çykyş edilýän möwsüm «Wulwerhempton» üçin örän kyn geçdi. Topar ähli möwsüm boýunça diňe 17 utuk toplap bildi. Şol utuklaryň arasynda «West Hema» garşy 3:0, «Liwerpula» garşy 2:1 hasabyndaky ýeňişler, şeýle-de çempionlyk ugrunda öňdeligi eýeleýän «Arsenal» bilen 2:2 hasabyndaky deňlik aýratyn ýatda galdy. Şol duşuşykda «Wulwerhempton» 0:2 hasabyndan gaýdyp gelipdi.

Çempionatda häzirki wagtda düşmek zolagynda «Tottenhem» (31 utuk) we «Bernli» (20 utuk) toparlary hem bar, emma olar heniz hem teorik taýdan Premýer-ligada galmak mümkinçiligini saklaýarlar. Şeýle-de howply zolakdan uzak bolmadyk «Nottingem Forest» hem-de «Lids» toparlarynyň ýagdaýy hem durnuksyzlygyna galýar.

Hasaplamalara görä, «Wulwerhempton» bilen 17-nji ornuň arasynda 16 utuk tapawut bar. Möwsümiň ahyryna çenli topar iň köp 15 utuk toplap bilerdi, bu bolsa olaryň galmak mümkinçiliginiň ýokdugyny resmi taýdan tassyklaýar.

Şeýle-de ýeri gelende bellesek, «Kowentri Siti» topary Frenk Lempardyň ýolbaşçylygynda 25 ýyldan soň täzeden Premýer-liga dolanyp geldi. Bu ýagdaý täze möwsümde Angliýanyň ýokary ligasynda düzümiň ep-esli üýtgejekdigini görkezýär.