TÝL - 2026. 4-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berilýär
Şu gün, 21-nji aprelde Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berler.
Tapgyryň ilkinji duşuşygy şu gün geçiriler. Arkadag şäherindäki "Arkadag" stadionynda «Arkadag» topary «Şagadam» toparyny kabul eder. Bu duşuşyk sagat 18:30-da başlanar.
4-nji tapgyryň galan duşuşyklary 22-nji aprelde geçiriler. Şol gün Aşgabat şäherindäki "Köpetdag" sport toplumynda «Köpetdag» topary «Nebitçi» topary bilen duşuşar. Oýun sagat 16:30-da başlanar.
Mary şäherindäki "Merw" stadionynda bolsa «Merw» topary «Aşgabat» toparyny kabul eder. Bu duşuşyk sagat 17:00-da geçiriler.
Şeýle-de Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda «Ahal» topary «Altyn Asyr» topary bilen güýç synanyşar. Bu oýun sagat 18:00-da başlanar.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


