APL. "Çelsi" Moýses Kaýsedo bilen şertnamasyny uzaltdy
Londonyň «Çelsi» topary ekwadorly ýarymgoragçy Moýses Kaýsedo bilen täze şertnama baglaşandygyny resmi taýdan yglan etdi. Täze ylalaşyk 2033-nji ýyla çenli niýetlenendir.

Klub Kaýsedony 2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda «Braýton» toparyndan 115 million funt sterlinge transfer edipdi we şol döwürde bu görkeziji Britaniýanyň rekordy bolupdy. Futbolçy gysga wagtda toparyň esasy liderleriniň birine öwrülip, ýolbaşçylaryň ynamyny doly ödedi.
Moýses Kaýsedo täze şertnama gol çekenden soň şeýle diýdi: "Men «Çelsi» bilen şertnamamy uzaldandygyna örän şat. Bu topara, bu kluba ynanýaryn we biziň dogry ugurda öňe gidýändigimize ynamym uly. Biz entek ýolumyzyň başynda".
Häzirki möwsümde 24 ýaşly ýarymgoragçy ähli ýaryşlarda 42 duşuşykda çykyş edip, 5 gol we 1 asist etdi. Umuman aýdanyňda bolsa, «Çelsiniň» düzüminde şu wagta çenli 140 resmi oýna gatnaşyp, 8 gol we 11 asist bilen tapawutlandy.
Toparyň baş tälimçisi Liam Rosenýoryň ýolbaşçylygyndaky «Çelsi» Angliýanyň Premýer-ligasynda 32 tapgyrdan soň 48 utuk bilen 6-njy orny eýeleýär.
18-nji aprelden 19-njy aprele geçilýän gije Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da "Stemford Brij" stadionynda «Çelsi» topary «Mançester Ýunaýted» toparyny kabul eder. Bu duşuşyk tapgyryň iň garaşylýan oýunlarynyň biri bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


