TÝB - 2026. Şu gün 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

Şu gün, 17-nji aprelde Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar birinjiliginiň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler.

Tapgyryň çäginde dört gyzykly duşuşyk meýilleşdirildi. Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda «Ahal II» topary «Merw II» toparyny kabul eder. Bu duşuşyk sagat 18:00-da başlanar.

Şeýle-de Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumy" stadionynda «Altyn Asyr II» topary «Arkadag II» topary bilen güýç synanyşar. Oýun sagat 17:00-da başlanar.

Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky "Sport toplumy" stadionynda «Şagadam II» topary «Köpetdag II» toparyny kabul eder. Bu duşuşyk ir bilen sagat 11:30-da geçiriler.

Balkanabat şäherindäki "Sport toplumy" stadionynda bolsa «Nebitçi II» topary «Aşgabat II» topary bilen duşuşar. Oýun sagat 16:00-da başlanar.

Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.