UCL. "Bawariýa" bilen "Arsenal" ýarym finalda, ýarym finalyň ähli duşuşyklary belli boldy
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň jogap duşuşyklarynda ýarym finala çykjak toparlar belli boldy. Iň esasy garşylaşyklaryň birinde Mýunheniň «Bawariýa» topary Madridiň «Real Madrid» toparyny dramatik oýunda ýeňip, indiki tapgyra çykmagy başardy.
Duşuşyk hakyky gol baýramçylygyna öwrüldi. Oýnuň 6-njy minutynda Aleksandr Pawlowiç hasaby açdy, 38-nji minutda Harri Keýn artykmaçlygy artdyrdy. 89-njy minutda Luis Dias möhüm gol geçirip, toparyny oýna doly gaýtardy.
Iň gyzykly pursatlar bolsa goşmaça wagtda boldy. 94-nji minutda Maýkl Olise dördünji goly geçirip, garşylygyň ykbalyny doly çözdi.
«Real Madrid» tarapynda Arda Güler 1-nji we 29-njy minutlarda iki gol geçirip, dubl etdi, Kilian Mbappe bolsa 42-nji minutda tapawutlandy. Emma 86-njy minutda Eduardo Kamawinga gyzyl kart alyp meýdançadan çykarylandan soň, madridliler kyn ýagdaýda galdy we duşuşygy halas edip bilmedi.
Iki oýnuň jemi boýunça 6:4 hasap bilen «Bawariýa» ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdy. Indi olar Parižiň «PSŽ» topary bilen duşuşar. Fransuz topary ozal «Liwerpul» toparyny ynamly ýagdaýda ýeňip, bu tapgyra çykypdy.

Beýleki bir garşylykda Londonyň «Arsenal» topary Portugaliýanyň «Sporting» toparyny kabul etdi. Ilkinji oýunda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan Mikel Artetanyň şägirtleri jogap duşuşygynda oýny dolandyrmagy başardy.
Duşuşykda kän bir howply pursatlar bolmady. Toparlar birinji ýarymda-da, ikinji ýarymda-da derwezä ýol tapyp bilmedi. Netijede 0:0 hasabyndaky deňlik «Arsenal» toparyna ýarym finala çykmaga ýeterlik boldy.
Şeýlelikde, «Arsenal» yzly-yzyna iki möwsümde ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykmagy başardy. Olar indiki tapgyrda Madridiň «Atletiko» topary bilen duşuşar. Bu topar ozal «Barselona» toparyny ýaryşdan çykarypdy.

Çärýek final tapgyrynyň beýleki netijeleri hem üns çekdi. «PSŽ» iki duşuşykda-da «Liwerpuly» ýeňip, umumylykda 4:0 hasaby bilen ýeňiş gazandy. «Atletiko» bolsa «Barselonany» iki oýnuň jemi boýunça 3:2 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, iki ispan ägirdi — «Real Madrid» we «Barselona» bu tapgyrda ýaryş bilen hoşlaşdy.
Ýarym finalda «PSŽ» bilen «Bawariýa», şeýle-de «Atletiko» bilen «Arsenal» toparlary duşuşar. Bu garşylaşyklar möwsümiň iň möhüm we kesgitleýji oýunlarynyň biri bolar.

Ýarym final duşuşyklary 28–29-njy aprelde geçiriler, jogap oýunlary bolsa 5–6-njy maýda bolar.
Final duşuşygy 30-njy maýda Budapeşt şäherindäki "Puşkaş Arena" stadionynda geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


