UCL. "Bawariýa" - "Real Madrid", "Arsenal" - "Sporting"
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklary futbol janköýerlerine uly gyzyklanma döredýär. Iki esasy garşylaşyk hem 15-nji aprelden 16-njy aprele geçýän gije Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar.
Mýunhende «Bawariýa» topary öz meýdançasynda Madridiň «Real Madrid» toparyny kabul eder. Ilkinji duşuşykda nemes topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, azajyk artykmaçlyk elde etdi. Şeýle-de bolsa, bu hasap indiki tapgyra çykmagy kepillendirmeýär.
Iki toparyň arasyndaky taryhy garşylyk hem örän gyzykly: olar şu wagta çenli 28 gezek duşuşyp, şolaryň 13-sinde «Real Madrid», 11-sinde bolsa «Bawariýa» ýeňiş gazandy, ýene 4 oýun deňlikde tamamlandy. Bu bolsa garşydaşlygyň deň derejede geçýändigini görkezýär. Duşuşykda ýeňiş gazanan topar ýarym finalda «PSŽ» bilen duşuşar.
Beýleki bir jogap duşuşygy Londonda geçiriler. «Arsenal» topary öz meýdançasynda Portugaliýanyň «Sporting» topary bilen duşuşar. Lissabonda geçirilen ilkinji oýunda «Arsenal» 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
Bu garşydaşlyk hem 15-nji aprelden 16-njy aprele geçýän gije Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar. Bu duşuşykda ýeňiş gazanan topar ýarym finalda «Atletiko Madrid» topary bilen duşuşar.
Toparlar öz milli çempionatlarynda dürli netijeleri görkezdi: «Arsenal» soňky oýnunda «Bornmut» toparyndan 1:2 hasabynda utuldy, «Sporting» bolsa myhmançylykda «Eştrela» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Häzirki wagtda «Arsenal» Angliýanyň premýer ligasynda birinji ýerde barýar, «Sporting» bolsa Portugaliýanyň çempionatynda ikinji orny eýeleýär.

Ýatladyp geçsek, häzirki wagtda Çempionlar ligasynyň soňky ýeňijisi Parižiň «PSŽ» topary bolup, olar geçen möwsüm finalda «Inter» toparyny 5:0 hasabynda ýeňip, taryhyň iň uly hasaply ýeňişleriniň birini gazanypdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


