Futbol sanlarda: "Barselona" çempionlyga golaýlaşýar
Ýewropa futbolynda geçen tapgyrlarda birnäçe täsin statistiki görkezijiler bellige alyndy.
Angliýada «Liwerpul» häzirki möwsümde 15 duşuşykda ýeňildi. Bu görkeziji 2014/15 möwsüminden bäri iň erbet netije bolup durýar (şonda 18 ýeňliş bolupdy). Şeýle-de bu ýagdaý Ýurgen Kloppyň döwründe hiç haçan gaýtalanmandy.
Şol bir wagtyň özünde «Mançester Siti» «Liwerpuly» ýeňip, Angliýa kubogynyň ýarym finalyna yzly-yzyna sekizinji gezek çykmagy başaran taryhda ilkinji topar boldy.
Ispaniýada Žoan Garsiýa «Barselonanyň» düzüminde çykyş edip, Ispaniýanyň milli ýygyndysynda oýnan 145-nji futbolçy boldy. Bu görkeziji boýunça «Barselona» beýleki ähli toparlardan öňde barýar.
Şeýle hem La Liganyň taryhynda hiç haçan möwsümiň tamamlanmagyna 8 tapgyr galanda liderden 7 ýa-da ondan köp utuk yzda bolan topar çempion bolup bilmändir. Bu bolsa «Barselonanyň» häzirki ýagdaýda esasy dalaşgärdigini görkezýär.
Moýze Kin Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde yzly-yzyna 6 duşuşykda gol geçirip, 1977-nji ýylda şunuň ýaly netije gazanan Roberto Bettegiden soň ilkinji italýan futbolçy boldy.
Germaniýada Patrik Şik özboluşly netijä ýetdi – ol Bundesligada çykyş eden 25 garşydaşynyň ählisine garşy gol geçirmegi başardy.
Fransiýada bolsa zenan futbolynda «Lion» topary Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna 15-nji gezek çykyp, täze rekord goýdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


