Serie A. "Komo" iň gowy oýun görkezýän toparlaryň birine öwrüldi
Italiýanyň Seriýa A çempionatynda «Komo» topary häzirki möwsümde iň täsirli çykyş edýän toparlaryň biri hökmünde ünsi çekýär. Geçen möwsümde hem tejribeli futbolçylary we meşhur şahslaryň stadionda görünmegi bilen tanalan topar häzirki wagtda Çempionlar ligasynyň zolagynda ýerleşip, öňdebaryjy statistiki görkezijiler boýunça hem ýokary orunlary eýeleýär.

Toparyň baş tälimçisi Sesk Fabregas häzirki möwsümde taktiki taýdan has çeýe çemeleşip, aýratyn-da ýaz aýlarynda toparyň oýnuny ep-esli gowulandyrdy. Hüjümdäki meseleleri çözmek üçin ol 3-4-2-1 ulgamyna geçdi we "ýalan dokuzlyk" rolynda Martin Baturina açyldy. Horwatiýaly futbolçy 2025-nji ýylda diňe 1 gol geçiren bolsa, 2026-njy ýylda eýýäm 5 gol we 3 asist bilen tapawutlandy.
Şeýle-de «Komo» hüjümde güýçli klassiki hüjümçä hem eýe. Alwaro Morata garaşylan netijäni berip bilmän, 4+ xG (4 gol geçirip bilmek mümkinçiligi) görkezmesine garamazdan gol geçirip bilmedi. Onuň ýerine Anastasios Duwikas 11 gol bilen toparyň esasy hüjüm güýjüne öwrüldi.
Derwezede hem topar ynamly çykyş edýär. 30 ýaşly fransuz derwezeçisi Žan Býute Belgiýada 7 ýyl çykyş edeninden soň «Komo» düzüminde Seriýa A-nyň iň gowy derwezeçileriniň birine öwrüldi we garaşylýandan 4 gol köp saklady.
Şeýle netijeler bilen «Komo» häzirki wagtda Çempionlar ligasyna çykmak ugrunda çynlakaý dalaşgärleriň biri hökmünde görkezilýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


