Ýewropada dynç günleriniň jemleri: "Liwerpul" çökýär, "Real" büdredi

Ýewropa futbolynda geçen dynç günleri birnäçe garaşylmadyk netijeler bilen ýatda galdy.

Angliýada esasy waka «Liwerpulyň» agyr ýagdaýy boldy. Topar uly utulyşdan soň diňe Çempionlar ligasynda üstünlik gazanyp bilmek umydyny saklaýar. Şol bir wagtyň özünde «Mançester Siti» Angliýa kubogy ugrunda göreşini dowam etdirýär we «Sautgempton», «Çelsi» hem-de «Lids» bilen bilelikde kubok üçin dalaş edýär. «Arsenal» bolsa ýene bir baýragy elden giderdi.

Ispaniýada «Barselona» myhmançylykda «Atletiko» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, çempionlyk göreşinde möhüm ädim ätdi. «Real» bolsa garaşylmadyk ýagdaýda «Malýorka» toparyndan 1:2 hasabynda utuldy. Şeýlelikde, katalonlar madriddäkilerden 7 utuk öňe saýlandy.

Italiýada Lautaro Martinez fewral aýyndan soň ilkinji gezek meýdança çykyp, «Inter» toparynyň «Roma» garşy uly ýeňşine goşant goşdy. «Milan» häzirki wagtda «Interden» 9 utuk yzda galýar, emma «Napoli» toparyna garşy ýeňiş gazansa, çempionlyk göreşini dowam etdirip biler.

Germaniýada «Bawariýa» täsirli gaýdyp geliş bilen ýeňiş gazanyp, çempionlyga has-da ýakynlaşdy. Şeýle-de bolsa, «Borussiýa» henizem 9 utuk yzda galýar.

Fransiýada bolsa çempionlyk intriga ýok diýen ýaly boldy. «PSŽ» bu tapgyrda oýnamasa-da, «Lans» toparynyň «Lillden» 0:3 hasabynda utulmagy parižlileriň artykmaçlygyny artdyryp biler.

Hepdäniň iň gowy oýunçylarynyň arasynda «Interiň» oýunçylary Markus Týuram (gol we iki asist) we Hakan Çalhanoglu (1 gol + 1 asist) «Roma» (5:2) garşy, Aleks Grimaldo (dubl) «Wolfsburga» (6:3) garşy, Dawid de Hea (8 gezek urgyny saklady we "gury" oýun) «Werona» (1:0) garşy hem-de Gido Rodriges (dubl) «Selta» (2:3) garşy.