MLS. Messi bilen Suarez "Inter Maýamini" ýeňlişden halas etdi
MLS-iň 6-njy tapgyrynda «Inter Maýami» topary öz meýdançasynda «Ostin» topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.
Duşuşyk myhmanlaryň çalt goly bilen başlandy – 6-njy minutda Gilýermo Biro hasaby açdy. Emma eýýäm 10-njy minutda Lionel Messi hasaby deňläp, «Inter Maýaminiň» düzüminde täze "Nu Stadium" stadionyndaky ilkinji goly geçiren futbolçy boldy.
Ikinji ýarymda «Ostin» ýene öňe saýlandy – 53-nji minutda Nelson tapawutlandy. Şeýle-de bolsa, oýnuň soňky böleginde «Inter Maýami» ýeňlişden gutuldy: 82-nji minutda Luis Suarez hasaby deňledi.

Bu duşuşyk «Inter Maýami» üçin täze stadiondaky ilkinji oýun boldy. Stadionyň bir tribunasy Messiň hormatyna atlandyryldy.
Bu netijeden soň «Inter Maýami» 11 utuk bilen Gündogar konferensiýasynda 4-nji orny eýeleýär.
Şeýle-de Lionel Messi ýokary formasyny dowam etdirýär – ol soňky bäş duşuşygyň dördüsinde gol geçirdi. Häzirki möwsümde MLS-de onuň hasabynda 5 gol bar we ol bombardirleriň sanawynda 4-nji orny eýeleýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


