TÝL - 2026. Ilkinji tapgyr ýeňişler bilen başlady
Türkmenistanyň ýokary ligasynyň 2026-njy ýyl möwsüminiň ilkinji tapgyrynyň 4-nji aprelde geçirilen duşuşyklary tamamlandy.
Türkmenbaşy şäherindäki "Şagadam" stadionynda geçirilen oýunda «Şagadam» topary «Nebitçi» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 59-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Serdar Gulyýew geçirdi.
Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda geçirilen beýleki bir duşuşykda bolsa «Ahal» topary «Köpetdag» toparyny 5:1 hasabynda ýeňdi. Bu oýunda gollary 33-nji minutda Süleýman Mirzoýew, 37-nji minutda Oraz Orazow, 45-nji minutda Yslam Annamyradow, 56-njy minutda Hakmuhammet Bäşimow we 89-njy minutda Ýakupmuhammet Bäşimow geçirdi. «Köpetdag» toparynyň ýeke-täk goluny 76-njy minutda Mekan Amannyýazow öz adyna ýazdyrdy.
Birinji tapgyryň galan duşuşyklary 5-nji aprelde geçiriler. Şol gün «Altyn Asyr» topary Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumy" stadionynda «Aşgabat» topary bilen duşuşar (17:00). Şeýle-de "Aşgabat" stadionynda «Arkadag» topary «Merw» toparyny kabul eder (17:45).
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


