La Liga. Militao "Malýorka" garşy sanawa goşuldy

Madridiň «Real» toparynyň goragçysy Eder Militao şikesden soň ilkinji gezek resmi oýun üçin sanawa goşuldy.

Braziliýaly futbolçy geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri dyzynyň yzky myşsasynyň şikesi sebäpli meýdançadan daşda galypdy. Indi bolsa ol 4-nji aprelde «Malýorka» toparyna garşy geçiriljek La Liganyň duşuşygy üçin toparyň sanawyna resmi taýdan girizildi.

Habarlara görä, Militao bu duşuşyga ätiýaçlykdan başlap biler. Tälimçi Alwaro Arbeloa goragçyny kem-kemden oýun ritmine gaýtarmagy meýilleşdirýär.

Häzirki möwsümde Militao «Realyň» düzüminde 16 duşuşyk geçirip, bir gol hem-de bir asist bilen tapawutlandy.