TÝL - 2026. Täze möwsüme badalga berilýär

Şu gün, 4-nji aprelde Türkmenistanyň ýokary ligasynyň 2026-njy ýyl möwsümi resmi taýdan başlaýar. Täze möwsümiň ilkinji tapgyry birnäçe gyzykly duşuşyklar bilen badalga alýar.

Ilkinji oýun gününde iki duşuşyk geçiriler. «Şagadam» topary öz meýdançasynda «Nebitçi» toparyny kabul eder. Bu duşuşyk Türkmenbaşy şäherindäki "Şagadam" stadionynda sagat 16:00-da başlanar. Şeýle-de Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda «Ahal» topary «Köpetdag» topary bilen duşuşar. Bu oýun sagat 16:30-da başlar.

Birinji tapgyryň galan iki duşuşygy 5-nji aprelde geçiriler. Şol gün «Altyn Asyr» topary Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumy" stadionynda «Aşgabat» topary bilen güýç synanyşar. Duşuşyk sagat 17:00-da başlanar. Şeýle-de şol gün "Aşgabat" stadionynda «Arkadag» topary «Merw» toparyny kabul eder, oýun sagat 17:45-de başlanar.

Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzygiderli yzarlap bilersiňiz.