RSL. Ronaldonyň dublу "Al-Nasry" ynamly ýeňşe ýetirdi

Saud Arabystanyň çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda «Al-Nasr» topary öz meýdançasynda «Al-Najma» toparyny 5:2 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň esasy gahrymany Kriştianu Ronaldu boldy. Portugaliýaly hüjümçi 56-njy minutda penaltiden tapawutlanyp, soňra 73-nji minutda ýene bir gol geçirip dubl etdi. Şeýlelikde onuň professional karýerasyndaky gollarynyň sany 967-ä ýetdi.

Şeýle hem oýunda Sadio Mane hem dubl edip, 90+5-nji minutda duşuşyga soňky nokady goýdy.

Bu duşuşyk Ronaldu üçin şikesden soň ilkinji oýun boldy. Ol öňki iki duşuşygy geçirip bilmän, mart aýyny doly diýen ýaly sypdyrdy. Muňa garamazdan, ol meýdança üstünlikli dolanyp geldi we toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy.

Häzirki möwsümde Ronaldu çempionatda 23 gol geçirip, bombardirleriň sanawynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Sanawda öňdeligi 25 gol bilen Aýwen Toni («Al-Ahli»), ikinji orny bolsa 24 gol bilen Hulian Kinýones («Al-Kadisiýa») eýeleýär.

Bu ýeňişden soň «Al-Nasr» 70 utuk bilen çempionatda birinji orny eýelemegini dowam etdirýär we ýakyn bäsdeşi «Al-Hilal» toparyndan 6 utuk öňde barýar.