TÝB - 2026. 1-nji tapgyryň ilkinji duşuşyklarynyň netijeleri

Şu gün, 3-nji aprelde Türkmenistanyň ýaşlar birinjiliginiň 2026-njy ýyl möwsüminiň ilkinji tapgyrynyň çäginde iki duşuşyk geçirildi we täze möwsüme resmi taýdan badalga berildi.

Ilkinji oýunda «Ahal II» topary «Köpetdag II» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda gollary 32-nji minutda Begenç Orazmuhammedow, 37-nji minutda Jemşit Mädeminow hem-de 75-nji we 90+1-nji minutlarda Medetgeldi Çaryýew geçirdi. «Köpetdag II» toparynyň ýeke-täk goluny bolsa 82-nji minutda Kadyrgeldi Nazargeldiýew öz adyna ýazdyrdy.

Günüň ikinji duşuşygynda «Şagadam II» topary «Nebitçi II» toparyndan 0:1 hasabynda utuldy. Bu duşuşykdaky ýeke-täk gol 47-nji minutda Didar Nazjanow tarapyndan öz derwezesine geçirildi.

Birinji tapgyryň galan iki duşuşygy 4-nji aprelde geçiriler. Şol gün «Arkadag II» topary «Merw II» topary bilen, «Altyn Asyr II» topary bolsa «Aşgabat II» topary bilen güýç synanyşar.

Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzygiderli yzarlap bilersiňiz.