Kolumbiýanyň kapitany Hames hassahana ýerleşdirildi
Kolumbiýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy we kapitany Hames Rodriges Fransiýanyň milli ýygyndysyna garşy geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyndan soň hassahana ýerleşdirildi. Duşuşyk 1:3 hasabynda Kolumbiýanyň ýeňlişi bilen tamamlandy.
Kolumbiýanyň futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, oýundan dessine soň futbolçy Minnesota ştatyndaky lukmançylyk merkezine alnyp gidildi. Lukmanlar onda güýçli suwsyzlanma ýagdaýyny anykladylar. Bu ýagdaýyň oýun wagtyndaky şikesler ýa-da fiziki ýüklilik bilen baglanyşykly däldigi aýratyn nygtaldy.
Hames Rodriges soňky üç günüň dowamynda lukmanlaryň hemişelik gözegçiliginde boldy we dikeldiş hem-de öňüni alyş bejergisini geçdi. Federasiýa onuň ýagdaýynyň hereket ulgamyndaky şikesler bilen baglanyşykly däldigini we futbolçynyň geljekki karýerasyna howp salmaýandygyny mälim etdi.
Soňky maglumatlara görä, kolumbiýaly futbolçynyň saglygy kem-kemden gowulaşýar we dikeliş prosesi oňyn häsiýetde dowam edýär.
Fransiýa garşy duşuşykda Hames Rodriges esasy düzümde meýdança çykyp, 63-nji minutda çalşyryldy.
Tejribeli futbolçy karýerasynda Angliýa, Katar, Gresiýa, Ispaniýa, Braziliýa we Meksika ýaly ýurtlarda çykyş etdi. Ol dürli döwürlerde «Ewerton», «Al-Raýýan», «Olimpiakos», «Raýo Walýekano», «San-Paulu» we «Leon» toparlarynyň düzüminde oýnady.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


