APL. "Sitide" Rodriniň geljegi boýunça çözgüt garaşylýar

«Mançester Siti» topary esasy oýunçylarynyň biri bolan Rodri bilen täze şertnama baglaşmak ugrunda ädim ädýär. Topar ispan ýarymgoragçysyna şertnamany uzaltmak baradaky teklibi eýýäm hödürledi.

Bu barada žurnalist Fabrizio Romano habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, oýunça uly gyzyklanma bildirýän toparlaryň biri hem «Real Madrid» bolup durýar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda madrid topary tarapyndan resmi teklip ýok.

Rodriniň geljegi boýunça iň soňky karary onuň özi kabul eder. Bu meselede futbolçynyň maşgalasynyň pikiriniň hem möhüm rol oýnap biljekdigi aýdylýar.

Eger taraplar täze şertnama boýunça ylalaşyp bilmese, «Mançester Siti» iki mümkinçiligi göz öňünde tutýar: oýunçyny ýakyn transfer penjiresinde uly möçberde satmak ýa-da şertnamasynyň möhleti tamamlanýança, ýagny 2027-nji ýyla çenli toparyň düzüminde saklap, soňra erkin agent hökmünde goýbermek.

Rodri 2024-nji ýylda "Altyn top" baýragynyň eýesi boldy. Şeýle-de bolsa, soňky döwürde ol saglyk kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Dyz we bud bilen bagly şikesler onuň oýun durnuklylygyna täsir etdi.

Häzirki möwsümde ispan futbolçy «Sitiniň» düzüminde 28 duşuşykda çykyş edip, 2 gol geçirdi. "Transfermarkt" portalynyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy takmynan 65 million ýewro deňdir.